Wengriýanyň premýer-ministriniň Aşgabada gelmegine garaşylýar
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň ýakyn günlerde Aşgabada sapara gelmegine garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wiktor Orbana onuň 60 ýaş toýy mynasybetli iberen gutlag hatlarynda aýdylmagyna görä, türkmen ýolbaşçylary Wengriýa bilen arada ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly üns berýär we ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegine garaşýar.
Türkmen metbugaty iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada alnyp barylýan gepleşikler hakynda indi ençeme ýyl bäri habar berýär.