Hukuk goraýjylar Çarlz Mişeli sebitde adam hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik meselesini gozgamaga çagyrýar
Dürli ýurtlaryň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklary guramalary Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişele bilelikde ýüzlenip, ony “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammitinde bu sebitiň ýurtlarynda adam hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilige çekmek meselesini gozgamaga çagyrýan hata gol çekdiler.
Bilelikdäki ýüzlenmä Halkara adam hukuklary hyzmatdaşlygy (IPHR), Gazagystanyň Adam hukuklary we kanunçylygyň berjaý edilmegi boýunça býurosy, Gyrgyzystanyň “Ligal prosperit” gaznasy, Adam hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwasy we Merkezi Aziýada adam hukuklary bileleşigi (Fransiýa) gol çekdi.
Gyrgyzystanyň Kaktus.media neşiriniň maglumatyna görä, Mişeliň hususan-da sebitde geçen ýylda bolan syýasy krizisler wagtynda, Gazagystanda bolan bidüzgünçilikler, Täjigistanyň Dagly-Badahşan sebitinde, Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan wakalar wagtynda adam hukuklarynyň gödek bozulmagynda günäkär hasaplanan adamlaryň ählisiniň jogapkärçilige çekilmeginiň zerurdygyny nygtamalydygy aýdylýar.
“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammiti 2-nji we 3-nji iýunda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriler. Bu Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişeliň sebitdäki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçirýän ikinji duşuşygy bolup, bu ugurdaky birinji duşuşyk 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Astanada geçirildi.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek we özara gatnaşyklary giňeltmek meseleleriniň maslahatlaşylmagyna garaşylýar.