Putin Günorta Afrikada geçiriljek BRICS sammitine çakylyk kabul etdi
Halkara tussag etme orderi astynda galýan rus prezidenti Wladimir Putin, tussaglyk orderine garamazdan, awgust aýynda Günorta Afrikada geçiriljek ösýän ykdysadyýetleriň sammitine çagyryldy.
BRICS ýurtlarynyň ählisi (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika) 22-24-nji awgustda Ýohannesburgda geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin çakylyk kabul etdiler diýip, Günorta Afrikanyň daşary işler ministri Naledi Pandor BRICS daşary işler ministrleriniň 1-nji iýundaky ýygnagynda aýtdy.
Sammitiň hususan-da şu ýyl syýasy ýüki ýetik boldy, sebäbi, Halkara jenaýat kazyýeti (HJK) mart aýynda Putini tussag etmek barada order çykardy.