Eýran Pars aýlag döwletleri bilen deňiz bileleşigini gurup, sebitdäki durnuklylygy üpjün etjek diýýär
"Döwletler diňe biri-biri bilen hyzmatdaşlygyň sebite howpsuzlygy üpjün edýändigine şu gün göz ýetirdiler" - diýip, Eýranyň deňiz güýçleriniň serkerdesi Şahram Irani aýtdy.
Ol bileleşigiň görnüşi barada jikme-jik maglumat bermedi, ýakyn wagtda dörediljekdigini aýtdy.
Eýran soňky döwürde Pars aýlagynyň birnäçe arap döwleti bilen dartgynly gatnaşyklaryny düzetmäge synanyşýar. Mart aýynda Saud Arabystany bilen Eýran Hytaýyň araçylyk şertnamasy boýunça ýedi ýyllyk duşmançylygy bes etdi we sebitdäki durnuklylygyň hem ykdysady hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.