Russiýada Nawalnyny goldamaga çykanlaryň ýüzden gowragy tussag edildi
Oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny goldamak üçin geçirilen protest çäreleri wagtynda, bazar güni agşam berlen maglumata görä, 100-den gowrak adam tussag edildi. Saklananlaryň azyndan dört sanysy kämillik ýaşyna ýetmedik diýip, "OVD-Info" taslamasynyň beren habarynda aýdylýar.
Saklanan 109 adamyň ady belli. Olaryň 60-dan gowragy Moskwada, 10-dan gowragy Sankt-Peterburgda tussag edildi. Umuman alanyňda, Russiýanyň 23 şäherinde bu çärä gatnaşan adamlar tussag edildi.
4-nji iýun Wladimir sebitindäki berk düzgünli koloniýada uzak möhletli türme möhletini geçirýän Alekseý Nawalnynyň doglan güni.
Onuň 47 ýaşy doldy. Oppozisiýa lideriniň tarapdarlary biraz öň şol gün Russiýada we daşary ýurtlarda goldaw çäresini geçirjekdiklerini yglan etdiler.
Daşary ýurtlarda ýaşaýanlar şäherleriň esasy meýdançalaryna çykmaga çagyrylan bolsa, Russiýada - Nawalnyny goldamagyň howpsuz ýollaryny gözlemek maslahat berildi.