Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda biometrik pasport üçin nobata ‘dekabrda’ ýazga durup bolýar

Türkmenabatda biometrik pasport üçin nobata ‘dekabrda’ ýazga durup bolýar

Lebabyň dolandyryş merkezinde biometriki pasport almak ýa-da ony täzelemek üçin nobata diňe ýylyň aýagyndan başlap ýazga durup bolýar. Bu çäklendirme ýurtdaky agyr ykdysady krizis, iş ştatlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi netijesinde, barha köp adamyň ýurtdan çykmak ugrundaky tagallalaryna gabat gelýär. Munuň bilen bagly, mümkin korrupsiýa hadysalary barada hem maglumat gowuşýar.

Ýurduň tas ähli welaýat merkezlerinde, şol sanda Aşgabatda raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary şu ýylyň başynda güýçlenip başlady. Ýurduň käbir sebitlerinde biometriki pasportlar üçin nobatlar ençeme aý soň berilse, käbir welaýatlarda pasport bermek işi wagtlaýynça togtadylýar.

“Türkmenabadyň Migrasiýa edaralary 1-nji iýundan başlap nobata ýazylmak üçin talon bermegini bes etdiler. Häzirki wagtda, diňe mundan iki aý öň nobata ýazylan raýatlaryň arzalaryna seredilýär. Nobata ýazylmak üçin, dekabrda gaýtadan gelip görmek maslahat berilýär” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren ýerli ýaşaýjylaryň biri 5-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty” 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Ondan ozal ýurtda hereket eden içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.

Türkmenistan öz raýatlaryna biometriki pasporty diňe ýurduň içinde berýär. Köp ýurtdan tapawutlylykda, daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalarynda pasport bermek göz öňünde tutulmaýar.

Bu sebäpli, biometriki pasport almak isleýänleriň arasynda, hususan-da Türkiýede pasportlarynyň möhleti tamamlanandan soň, onuň möhletini uzaltmak üçin yzyna gelen raýatlaryň hem köpdügi bellenilýär.

Habarçymyzyň migrasiýa edarasyndaky çeşmesi özlerindäki bu bökdençligi tehniki ýagdaýlar bilen baglanyşdyrdy. Ol häzirki çäkli işgär sanynyň, şol sanda ýörite blankalaryň ýetmezçiliginiň hem adatdan daşary artan talaby kanagatlandyryp bilmeýändigini öňe sürdi.

Şol bir wagtda, paranyň öwezine, ençeme aý öňünden resmi taýdan nobata ýazylman hem, pasport üçin arzany tabşyryp bolýandygy bellenilýär.

“Her adam başyna 500 dollar berseň, arzaňy şol bada kabul edýärler. Pasport adatça 40 günden soň taýýar bolýar. Emma, elbetde, parany berer ýaly ynamdar araçyny hem tapmaly bolýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Azatlyk bu mümkin korrupsiýa hadysalaryny resmi taýdan tassykladyp bilmedi. Türkmenabadyň Migrasiýa edarasy hem kommentariýa bermedi. Emma dürli çeşmelerden gelýän tassyklanmadyk maglumatlarda alym-berim hadysalarynyň pasport almak işinde giňden ýaýrandygy bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýokarky meseleleri resmi taýdan boýun alman, barha köp raýatyň ýurtdan çykmak meselesini olaryň syýahat mümkinçiliklerini çäklendirmek bilen çözmäge synanyşýar.

Garaşsyz turkmen.news neşiri golaýda Türkmenabadyň ýag zawodunyň birdenkä 11 işgäriniň wezipesinden çykyp, daşary ýurda gidendigini ýazýar. Zawodyň ýolbaşçylary, şeýle ýagdaýlaryň ýene gaýtalanmagyndan, netijede önümçiligiň durup galmagyndan howatyr edip, işgärlerinden biometriki pasportlaryny tabşyrmagyny talap etdiler.

Türkmenistanda daşary ýurt döwletlerine barýan raýatlaryň zerur bolan ähli resminamalary, şol sanda wizalary düzüw bolan halatynda hem, bu ýagdaý kä halatlarda raýatyň daşary ýurt döwletine syýahat etmegine türkmen häkimiýetleri tarapyndan rugsat beriljekdigini aňlatman bilýär.

Ýurduň güýç edaralary wagtal-wagtal düşündiriş bermezden raýatlaryň ýurtdan çykmagyny eden-etdilikli gadagan edip bilýär.

Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň söz azatlygy we hereket erkinligi kepillendirilýär. Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Уже больше 2,5 млн россиян привились от клещевого энцефалита

В красноярском озеро-парке «Октябрьский» появился красный шкаф с книгами

В Москве двух врачей клиники Хайдарова задержали из-за смерти пациента после операции

Замглавы МИД Галузин: попытки продавить НАТО в Центральной Азии обернутся хаосом

Музыкальные новости

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Тороп берет: как вратарь ЦСКА повлиял на расклад в чемпионской гонке

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Новости России

Проект «Московское долголетие» открыл свыше 600 групп по вокалу в столице

В Москве двух врачей клиники Хайдарова задержали из-за смерти пациента после операции

Замглавы МИД Галузин: попытки продавить НАТО в Центральной Азии обернутся хаосом

Уже больше 2,5 млн россиян привились от клещевого энцефалита

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Пермский край, Суксунский район

Я не пью алкоголь вообще: Анастасия Волочкова резко ответила на слухи об алкоголизме

Спорт в России и мире

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Медведев вышел в четвертый круг "Мастерса" в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Moscow.media

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

«Байкал Сервис» открыл новый терминал площадью почти 4500 кв. м на юго-востоке Москвы

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *