Blinken Ysraýyl lobbisine Eýranyň ýadro ýaragyny edinip bilmejekdigini aýtdy
"Eger-de Eýran diplomatiýa ýoluny ret etse, prezident [Jo] Baýdeniň gaýtalap aýdyşy ýaly, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin mümkin bolan ähli çäre görler" diýip, Blinken Waşingtondaky Ysraýyl tarapdar topara, AIPAC lobbisine ýüzlenip aýtdy.
Şeýle-de, Blinken Saud-Ysraýyl kadalaşmasynyň Waşington üçin örän möhüm bolup durýandygyny aýtdy. "Birleşen Ştatlaryň Ysraýyl bilen Saud Arabystanynyň arasynda kadalaşmagy ösdürmekde hakyky milli howpsuzlyk bähbidi bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.