Nebit ministri: Eýran, Russiýa, Katar, Türkmenistan bilelikdäki gaz merkezini döreder
Bu merkez Pars aýlagynyň demirgazyk kenarynda, Eýranyň Buşehr welaýatynyň Asaluyehdäki senagat zolagynda dörediler.
"Dünýäde ikinji orunda durýan gaz gorlarymyz bar, şonuň üçin Russiýa, Katar we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Asaluyeh sebitinde gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýäris" diýip, “Tasnim” habar gullugy nebit ministriniň aýdan sözlerine salgylandy.
Owji taslamany durmuşa geçirmegiň nazarda tutulýan möhletini görkezmedi.