Eýran ýakynda ABŞ bilen tussag alyşmagynyň mümkindigini aýdýar
Eger-de Waşington hoşniýetlilik görkezse, Eýran we ABŞ ýakyn wagtda tussaglary çalşyp biler diýip, Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary 12-nji iýunda aýtdy.
Bu habar Eýranyň ýokary lideriniň Günbatar bilen ýadro şertnamasyny baglaşmak mümkinçiliginiň bardygyny yşarat etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
“Amerika bilen tussaglary alyş-çalyş etmek meselesi barada aýdylanda, ... araçylar arkaly geçirilýän gepleşikler dowam edýär ... Eger-de beýleki tarap hem şol bir çynlakaýlygy we hoşniýetliligi görkezse, bu ýakyn wagtda bolup biler” diýip, Nasser Kanaani telewideniýede görkezilen hepdelik metbugat ýygnagynda aýtdy.