Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryly býujet işgärlerinden gowaça ýekelemek işleri üçin pul toplanýar

Maryly býujet işgärlerinden gowaça ýekelemek işleri üçin pul toplanýar

Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýän mahaly, häkimiýetler ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagy dowam etdirýärler. Mary welaýatynyň býujet işgärleri bu işleri amal etmäge ýa-da özlerine derek hakyna adam tutup ibermäge mejbur edilýärler. Bu waka, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn eden mahalyna gabat gelýär.

“Marynyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi we ýekelemek işlerini ýerine ýetirmek ýene býujetçileriň üstüne ýüklenýär. Olardan gowaça meýdanlaryna gitmek talap edilýär. Köp edarada işgärlerden pul toplanýar we bu pula hakyna işçiler tutulýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 13-nji iýunda aýtdy.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary her gün irden sagat 7:00-da 15 töweregi işçini awtobusa mündürip, gowaça meýdanlaryna iberýärler. Bu awtobus gatnawlary welaýat häkimligi tarapyndan gurnalýar.

Her bir işgär hakyna tutma işçiler üçin edara ýolbaşçysyna 50 manady nagt tabşyrýar. Işgärden bir aýyň dowamynda üç gezek pagta meýdanyna adam ugratmak talap edilýär. Bu işgärleriň her biriniň aýda 150 manady edara ýolbaşçysyna tabşyrmaly bolýandygyny aňladýar.

“Hakyna tutma işçilere gündelik 30 manat tölenýär. Edara ýolbaşçylary we häkimlik işgärleri býujet işgärleriniň berýän 50 manadyndan 20 manady öz jübülerine urýarlar” diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Býujet işgärleri özlerinden ýygnalýan puluň möçberiniň aýdan-aýa köpelmese azalmaýandygyny aýdyp, ykdysady kynçylyklaryň, azyklaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, alýan zähmet haklarynyň aýyň ýarysyna çenli-de ýetmeýändigini belleýärler.

“Başlyklar näçe alsalar-da doýmaýarlar. Pul bermeýän işgärleri dürli bahanalar bilen işden çykar ýaly edýärler. Işgärler ýygnalýan pullary bermäge mejbur bolýarlar. Ýöne işgärler sesini çykarmaýandygy sebäpli ýygnalýan pullaryň möçberi aýdan-aýa artýar” diýip, býujet işgäri belledi.

Bu aralykda, Maryda howanyň temperaturasy 40 gradusdan aşýan şu günlerde gowaça ýekelemek işlerini geçirýän işçileriň we daýhanlaryň ýagdaýy hem öwerlikli däl. Tutuş gününi aşa yssy howada, Günüň aşagynda geçirýän işçileriň, daýhanlaryň, şeýle-de çagalaryň arasynda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýanlar hem bolýar.

“Köp kärendeçi çagalary bilen zähmet çekýär. Çagalaryň ençemesiniň içinden ýalyn, kellesinden gün geçip, hassahana ýüz tutýanlar hem bolýar. Ýurtda adam saglygynyň ilkinji orunda durýandygy wagyz edilýänçä, hökümet hatarara bejergi we ýekelemek işlerini geçirýän tehnikalary satyn alsa bolmaýarmyka?” diýip, ýerli daýhan aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň oba hojalyk pudagynda, şol sanda gowaça, şugundyr, ýeralma, pile önümçiliginde býujet işgärleriniň mejbury zähmetinden peýdalanmagy we munuň üçin olardan pul ýygnamagy ýyllarboýy dowam etdirýärler. Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary bu barada yzygiderli maglumat berýärler.

Soňky ýyllarda hukuk toparlarynyň ençemesi Türkmenistany özüniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt etse-de, türkmen häkimiýetleri ýurtda mejbury zähmetiň bardygyny ret edip gelýärler.

Häkimiýetleriň ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanýandygy baradaky soňky maglumatlar, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn edýän mahalyna gabat geldi.

HZG 5-16-njy iýun aralygynda Ženewada 111-nji ýyllyk konferensiýasyny geçirýär. Guramanyň Ülňüleri ulanmak baradaky komiteti (CAS) 12-nji iýunda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ýatyrmak baradaky konwensiýany (No.105) berjaý edişine syn etdi. Synyň netijeleri heniz köpçülige elýeterli edilmedi.

Bu aralykda, dünýäde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän bileleşik bolan Pagta kampaniýasy we garaşsyz türkmen hukuk toparlary bu waka gabatlap, 12-nji iýunda Türkmenistanyň pagta hasyly wagtynda giňden ýaýran mejbury zähmeti dokumentleşdirýän täze hasabaty köpçülige ýaýratdy. Hasabatda hökümetler, kompaniýalar we işçiler guramalary esasy zähmet hukuklaryny goramak üçin Türkmenistana basyş etmäge çagyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

"Метриум": доля ипотечных сделок в Москве выросла с 67% до 69% за месяц

Путин назвал насыщенными и содержательными переговоры в Пекине

Путин и Си Цзиньпин подписали ряд документов о сотрудничестве двух государств

В Мытищах обсудили вопросы размещения объектов сезонной торговли

Музыкальные новости

Россия, Бурятия, Культура и Дети: Байкальская театральная школа прошла в Иволгинском районе Бурятии

Страдания юного Аюша Булчун

Следком России ищет приезжего из Азербайджана из-за его желания убивать в ЯНАО

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Новости России

Отделением СФР по Москве и Московской области в 2024 году выдано решение о финансовом обеспечении предупредительных мер 323 страхователям на сумму более 129 миллионов рублей

Песков: Словакия не обращалась к РФ за помощью в расследовании покушения на Фицо

Врач Чернышова: стресс может вызвать повышение температуры тела

Суд продлил арест обвиняемому по делу о теракте в "Крокусе"

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Звуковая зубная щетка Revyline RL060 White и зубная паста Revyline Smart заказать в Назрани

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Moscow.media

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Фикс-тариф будет доступен всем пользователям BelkaCar

Под зеленым куполом







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *