ABŞ, Eýran özara ‘düşünişmek’ bilen dartgynlylygy gowşatmakçy bolýar
Birleşen Ştatlary we Eýran gepleşik geçirip, Eýranyň ýadro maksatnamasynyň çäklendirilmegine, tussag edilen käbir ABŞ raýatlarynyň boşadylmagyna we Eýranyň daşary ýurt döwletlerindäki käbir emläkleriniň doňunyň çözülmegine getirip biljek käbir ädimleriň üstünde işleýär diýip, eýran we günbatar resmileri aýdýar.
Bu ädimler ABŞ Kongresiniň gözden geçirmegini talap edýän ylalaşyk hökmünde däl-de, “düşünişmek” hökmünde kabul ediler.
ABŞ Kongresinde köpler Eýranyň Russiýa berýän harby hemaýatlary, onuň içerki repressiýasy we sebitde ABŞ bähbitlerine hüjüm eden proksileri goldamagy zerarly Eýrana artykmaçlyk berilmegine garşy çykýar.