Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bir maşgalanyň içinde. Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeniniň köşgi nädip daýysynyň adyna geçdi

Bir maşgalanyň içinde. Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeniniň köşgi nädip daýysynyň adyna geçdi

Gazagystanda Almatynyň golaýyndaky tebigy taýdan gözel ýerde ýerleşýän kaşaň köşküň eýesi çalyşdy. Uşkonyr belentliginde ýerleşýän bu sebit Nazarbaýewleriň “nebere mesgeni” hasaplanýar. Gazagystanyň ozalky prezidentiň ýegeni Kaýrat Satybaldy bu gozganmaýan emlägi daýysy Nursoltan Nazarbaýewe sowgat berdi. Bellemeli ýeri, bu Satybalda emlägini döwletiň haýryna geçirmegi hem göz öňünde tutýan türme höküminiň çykarylmagyndan soň bolup geçdi. Emlägi nädip elden-ele geçirmek mümkin boldy? Satybaldyny korrupsiýa aýyplamalary boýunça derňeýän Korrupsiýa garşy gulluk bular barada näme diýýär? Azatlygyň Gazak gullugy – Azattyk käbir jikme-jikleri öwrendi.

Uşkonyr – belentligi depeleri gar bilen bürelen daglardan uzap gaýdýan ýaşyl ýaýlary we depeleri bilen tanalýar. Onuň juda owadan tebigaty bar. Bu ýaýla Almatydan 50 km uzaklykda ýerleşýär. Mundan 83 ýyl ozal, bu sebitde Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew dünýä indi. Sowetler ýyllarynda çopanyň ogly işçi hünärini edindi we demir pejiň başynda durdy. Emma soňy bilen ol partiýa basgançaklaryndan tiz wagtda ýokary galdy. 49 ýaşynda ol Gazagystanyň Kompartiýasynyň MK-nyň birinji sekretary boldy. 51 ýaşynda SSSR dargandan soňra özüniň garaşsyzlygyny yglan eden Gazagystanyň başyna geçdi.

Nazarbaýew ýurda 30 ýyl ýolbaşçylyk etdi. Häkimiýet ýyllarynda ol özüniň şahsyýet kultuny esaslandyrdy we özüniň ygtyýarlyklarynyň gerimini giňeltdi. Onuň maşgala agzalary juda täsirli adamlara öwrüldiler.

2000-nji ýylda “ilkinji prezident” baradaky kanun kabul edilip, onda ýurt baştutanynyň aýratyn statusy we ygtyýarlyklary kesgitlenildi. Şol döwürlerde Uşkonyr ýaýlasynyň kadastr dokumentlerine hem düzedişler girizildi. Ýeri birnäçe uçastoga böldüler. Mundan soň, Şamalgan obasyndan bu ýere ýol, tok we gaz çekildi.

“Ilkinji prezident” baradaky kanunyň gerimi giňeldilenden üç ýyl soňra, ýagny 2014-nji ýylda Nazarbaýewe “ýelbasy” diýen titul berildi. Bu diňe bir onuň özüniň däl, eýse maşgala agzalarynyň hem aktiwleriniň el degirilmesizligini kepillendirýärdi. Uşkonyrda ägirt uly köşgüň gurluşygy hem tamamlandy. Bu kaşaň bina eýýäm birnäçe uçastoga bölünen ýedi gektar ýeriň üstünde guruldy. 2016-njy ýylda bu emlägiň eýesi resmi taýdan Nazarbaýewiň ýegeni – Kaýrat Satybaldy boldy.

2022-nji ýylyň ýanwaryndaky gan döküşlikden soň (müňlerçe gazagystanly Nazarbaýewiň häkimiýetden gitmegini talap edip köçelere çykdy; Nazarbaýew 2019-njy ýylda häkimiýetden çetleşip, prezidentlik ygtyýarlyklaryny özüniň saýlan mirasdüşeri Kasym-Žomart Tokaýewe geçirse-de, giň ygtyýarlyklary saklap galdy; protestler bidüzgünçiliklere ýazdy; häkimiýetler polisiýa ok atmak barada buýruk berdi; resmi sanlara görä, 238 adam öldi) Nazarbaýewiň durumy gowşady. Mundan gysga wagt soň, Nazarbaýewiň garyndaşlary ýokary derejeli wezipelerden gitdiler. Kaýrat Satybalda ogurlykda aýyplama bildirildi we garşysyna derňew işi açyldy. 2022-nji ýylyň martynda ozalky prezidentiň garyndaşyny tussaglyga ýerleşdirdiler. Kanun goraýjy gulluklar onuň emlägine çäklendirmeleri goýdular.

 

2023-nji ýylyň aprelinde Uşkonyr belentligindäki rezidensiýa Kaýrat Satybaldynyň eýeçiliginden “Ýelbasy Fonduna” geçdi. Bu fonduň ýeke-täk esaslandyryjysy Nursoltan Nazarbaýew bolup dur. “Häkimiýet adam üçindir” atly döwlet korporasiýasynyň Azatlygyň Gazak gullugyna beren jogabyna görä, emläk täze eýäniň adyna sowgat bermek ylalaşygy esasynda geçipdir. Ýöne bu nädip beýle boldy – syr.

Tussaglyk astyndaky emläk

Geçen ýylyň sentýabrynda Kaýrat Satybaldy, öz şärikleri bilen birlikde 40 milliard töweregi tenge ogurlamakda aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Astananyň Baýkonur etrabynyň sudunyň kararynda Satybaldynyň emläginiň konfiskasiýa edilendigi aýdylýar. Emma bu emläkleriň sanawy getirilmeýär. Şu ýerde hem iň gyzykly bölegi başlanýar.

Azatlygyň Gazak gullugy sudýa Nurlan Baýahmetowa hat ýazyp, Ýokary suduň kesgitlän kadalaryna laýyklykda, ele geçirilýän emlägiň sanawynyň görkezilmelidigine ünsi çekdi. Sudýanyň iberen jogabynda konfiskasiýa edilýän emläk barada anyk jogap ýokdy.

“Hökümiň goşmaça jeza hökmünde emlägi ele geçirmek baradaky bölegi döwletiň kazyýet ýerine ýetirijisiniň garamagynda dur” diýip, suduň jogabynda bellenilýär.

Azattyk ele geçirilýän emlägiň sanawynyň ýokdugy barada mejlisiň iki deputatyndan, kanunçylyk we kazyýet-nama reformasy boýunça komitetiň agzalaryndan gyzyklandy. Habarçylar sud edilýäniň adyny agzamadylar, ýöne wakany we aýyplamanyň maddalaryny bolşy ýaly düşündirdiler.

Aklawçylyk bilen hem meşgullanan deputat Abzal Kuspan, suduň höküminde konfiskasiýa edilýän emläkleriň doly sanawynyň görkezilmelidigini aýtdy.

Kanunçylyk boýunça komitetiň ýene bir agzasy, Konstitusiýa geňeşinde hem işlän, deputat Unzila Şapak hem meňzeş pikirde.

Suduň kararynda Satybaldynyň kanuny ýagdaýda nikada durmaýandygy we ýetginjek ýaşyna ýetmedik ýedi çagasynyň bardygy bellenilýär. Jenaýat kodeksine laýyklykda, eger-de ele salynmaly emläk maşgalanyň ýeke-täk jaýy bolsa, onda ol konfiskasiýa degişli bolmaýar.

Ýöne Uşkonyr belentligindäki emlägiň Satybaldynyň maşgalasynyň ýaşamaga başga ýeri ýoklugy sebäpli konfiskasiýa edilmändigini aýtmaga esas ýok. Azattygyň mundan ozalky derňewlerinde mälim bolşy ýaly, Astanada Kaýrat Satybaldynyň oglunyň adyna ýazylan jaý bar. Almatyda kaşaň köşk we 12 gektar meýdanda ýerleşýän kottejler toplumy Satybaldynyň üç çagasynyň ejesi – Asel Bahtiýarkyzynyň adyna ýazylan. Ol Satybaldynyň kanuny aýaly däl.

Öý eýesiniň çalyşmagy kanunymy?

Geçen ýylyň noýabrynda Korrupsiýa garşy gulluk Satybaldy babatynda täze jenaýat işiniň açylandygyny mälim etdi. Maglumatda Satybaldynyň we onuň bilen ilteşikli adamlaryň umumy hasapda milliard dollarlyk serişesiniň döwletiň hasabyna geçendigi nygtaldy. Derňewiň gutarandygy barada resmi taýdan habar berilmedi. Diýmek, jenaýat jogapkärçiligine çekilen we ikinji iş boýunça derňelýän bir şahsyň emlägi başga bir kişiniň adyna geçirildigi bolýar.

Deputat-ýuristler munuň mümkin däldigini, ýagny tussag edilen emlägiň soňy bilen başga kişiniň eýeçiligine geçirilmeli däldigini nygtaýarlar.

Resmi edaralarda gadagançylyk astyndaky emlägiň nädip “Ýelbasy fondunyň” eýeçiligine geçendigine düşündirişi ýok. Azattyk bu boýunça Satybaldy babatynda derňew işlerini alyp barýan Korrupsiýa garşy gulluga ýüz tutdy. Emma soňy bilen jogap bolmady. Agentlikde “bar bolan maglumatlaryň resmi ýagdaýda çap ediljekdigi, galanynyň bolsa – derňew syrydygy” aýdyldy. Almaty oblastynyň prokuraturasy “emlägiň eýeçilik haklarynyň geçirilmegi baradaky fakty” barlajakdygyny aýtdy.

Azattyk “Ýelbasy Fonuna” we Nursoltan Nazarbaýewiň kanselýariýasyna hem ýüz tutdy. Kanselýariýanyň metbugat edarasy “Ýelbasy Fondy” barada maglumatynyň ýokdugyny aýdyp, jogap berdi.

Uşkonyr beýikligine syýahat

Azattygyň ýazgy topary Uşkonyr belentligine baryp, eýesi üýtgän rezidensiýany surata almaga synanyşdy. Ýaýla barýan ýol barlag nokadyna direýär. Onuň golaýynda “Şahsy emläk” diýen ýazgy bar. Sakçy rezidensiýa barýan ýoluň boýundaky derwezäni açyp-ýapýar. Ol Azattygyň işgärlerine mundan beýläk hereketiň gadagandygyny öňe sürüp, uly bolmadyk bir bina girip gitdi.

Habarçylar pyýadalap rezidensiýa tarap ýola düşdüler. Asfaltlanan göni ýol rezidensiýa tarap uzaýar. Bir pursat, ýazgy toparyna “Niwa” kysymly ulag aralaşýar. Onuň içinde barlag nokadyndaky sakçy bardy.

Ol “bu sebitiň şahsy emläk däl-de, milli seýilgähiň bir bölegdigini” aýtdy. Ol žurnalistleriň gelen ýoly bilen yzyna gitmegini talap etdi. Sakçy munuň nähili milli seýilgähdigini aýdyňlaşdyrmady we öz ugry bilen gitdi.

 

 

Ýazgy topary bäş kilometr aralygy aýakda söküp, Nazarbaýewiň rezidensiýasynyň alkymyna geldi. Haýadyň boýunda kameralar oturdylypdyr. Territoriýanyň içinde iki sany garawul göründi. Onuň içine haýatdan geçmek mümkin däl.

Bu ýerde diňe bir köşk däl, şol sanda ýurta, bir gatly iki toplum, wertolýot meýdançasy we awtoulag duralgasy dagy bar.

Garawullar derwezä golaýlap, ýazgynyň bes edilmegini talap etdiler.

- Bu ýerde hiç kim ýok, hiç kim ýaşamaýar. Öçüriň ähli zady” diýip, olaryň biri aýtdy we köşge tarap ugrady.

Azattygyň habarçylary bu meýdany synladylar. Ýer kadastryna laýyklykda, köşgüň golaýyndaky binalar Satybaldynyň näresmi aýaly Asel Bahtiýarkyzynyň adyna ýazylan.

Konfiskasiýa

Geçen ýyl Azattyk Uşkonyrdaky 2 müň gektar töweregi meýdanyň Nursoltan Nazarbaýewiň inisi, Bolat Nazarbaýew bilen ilteşikli kärhanalara degişlidigini anyklady. Mundan öň, bu kärhanalar Kaýrat Satybaldynyň eýeçiligindedi.

Almaty oblastynyň prokuraturasynyň Azattyga beren maglumatyna görä, ozalky prezidentiň garyndaşlaryna degişli umumy hasapda 4 müň 569 gektar meýdana barabar 12 ýer uçastogy döwlete gaýtarylypdyr. Ozalky eýeleriniň atlary aýdyňlaşdyrylmaýar.

Her nähili hem bolsa, Uşkonyr belentligindäki köşk Nazarbaýewe degişli, onuň töweregindäki müňlerçe gektarlyk ýer hem onuň garyndaşlarynyň eýeçiliginde dur. Şu ýylyň aprelinde, köşgüň eýesi täzelenende, belentlikdäki ýerlere eýeçilik edýän kompaniýalaryň esaslandyryjysy hem üýtgedi.

9 müň 412 gektar ýeriň eýesi we 1 müň 300 gektar meýdanyň arendatory bolup, dört kompaniýa - Steppe AgroMeat, Qaz Agro Centre, Breeding company we Prime Capital reKarasay çykyş edýär. Olaryň ahyrky eýesi Bolat Nazarbaýewdi. Häzir olara Prime Capital Holding bileleşik arkaly Bolat Nazarbaýewiň ogly Nurbol eýeçilik edýär.

Soňky benefisiaryň üýtgändigine garamazdan, Korrupsiýa garşy gulluk we sud köşgüň daşyndaky 10 müň gektara golaý meýdana çäklendirmeleri girizdi. Bularyň döwletiň haýryna geçirilip-geçirilmejekdigi – entek belli däl.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Тульской области за три месяца снизилась рождаемость и увеличилась смертность

Путин: Запад для обеспечения благополучия прибегает к неоколониальным методам

XIX Всероссийский Форум-выставка «ГОСЗАКАЗ» пройдет ...

Второй класс пожарной опасности спрогнозировали в Подмосковье

Музыкальные новости

В Пушкинский день театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Ресрублики Бурятия: Россия и Культура, Дети

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Продвижение Песен и Музыки в Плей-листах Яндекс.Музыка.

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Новости России

Роспотребнадзор: в России не выявили новую группу штаммов коронавируса «FLiRT»

Путин: Запад для обеспечения благополучия прибегает к неоколониальным методам

Второй класс пожарной опасности спрогнозировали в Подмосковье

XIX Всероссийский Форум-выставка «ГОСЗАКАЗ» пройдет ...

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

10 полезных продуктов для сердца

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

«Байкал Сервис» открыл новый терминал площадью почти 4500 кв. м на юго-востоке Москвы

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *