Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanda býujetçiler, okuwçylar we esgerler mejbury pagta otagyna ýatymlaýyn çekilýär

Balkanda býujetçiler, okuwçylar we esgerler mejbury pagta otagyna ýatymlaýyn çekilýär

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri sebitiň gowaça meýdanlarynda otag işleriniň depginini güýçlendirdiler. Edara-kärhanalaryň işgärleri, harby birikmeleriň esgerleri we orta hünär mekdepleriniň okuwçylary mejbury pagta otagyna köpçülikleýin we ýatymlaýyn çekilýärler. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu işleriň batlanmagyna prezident Serdar Berdimuhamedowyň gowaça meýdanlaryna ideg işleriniň ýagdaýyndan nägile bolmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Prezident 13-nji iýunda Balkana sapar edip, galla oragynyň depgini bilen tanşanda, ot basan gowaça meýdanlaryny dikuçardan synlady. Şonda prezident welaýat häkimine we bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýere nägilelik bildirdi. Şondan soň welaýat häkimi gowaça meýdanlarynda otag işlerini güýçlendirip, gaýragoýulmasyz işleri amal edýän edara-kärhanalardan başga tas ähli pudagyň işgärlerini pagta otagyna ýatymlaýyn çekip başlady” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Pagta otagyna çekilmeýän medisina işgärlerinden özlerine derek hakyna tutma işçi ibermek talap edilýär. Olar bu işçiler üçin gündelik töleg geçirmeli bolýarlar.

Pagta otagy welaýatyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň gowaça meýdanlarynda geçirilýär. Býujet işgärleri edara ýolbaşçylaryna salgylanyp, bu işleriň iýulyň birinji ongünlügine çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.

Beýleki etraplardan ýatymlaýyn gelen orta hünär mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary Bereket etrap myhmanhanasyna, býujet işgärleri bolsa Berekediň 5-6-8-16-28-44-nji mekdeplerine ýerleşdirildi.

Býujetçileriň ençemesi mekdepleriň her birinde 100-e golaý işgäriň ýaşaýandygyny aýdyp, bularda şertleriň örän agyrdygyny belleýär.

“Mekdeplerde howa sowadyjylary ýok. Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa golaýlaýan we gijelerine onuň ýalynly howasy saklanyp galýan mahaly, bu ýagdaý býujetçileri örän köseýär” diýip, balkanly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Býujet işgärleri gowaça meýdanlarynda otag işleriniň mundan ozalky ýyllarda hem geçirilendigine, ýöne bu ýyldaky ýaly giň gerimde alnyp barylmandygyna ünsi çekýärler.

Pagtaçy kärendeçileriň birnäçesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, şu ýyl bu möwsümiň ozalkylardan has giň gerimde alnyp barylmagynyň sebäpleri daýhanlaryň kärende ýerlerine ideg edip ýetişmezligi bilen baglanyşykly.

“Şu ýylyň başynda 10 gektardan az möçberde kärende ýeri bolan daýhanlaryň kärende ýerleri elinden alyndy. Has köp kärendeçä köp gektarly ýerler paýlandy. Indi köp gektarly daýhanlara bolsa, gowaça meýdanlaryna ideg etmek, hatarara bejergi işlerini geçirmek başartmaýar. Köp meýdany haşal otlar basdy. Şol sebäpli býujet işgärleri, okuwçylar we esgerler köpçülikleýin pagta otagyna çekilýär” diýip, balkanly daýhan belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat, Gyzylarbat we Bereket etrap häkimliklerinden, şeýle-de agzalan mekdeplerden kommentariýa alyp bilmedi.

TDH gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerinde, şol sanda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işlerinde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan peýdalanylýandygyny aýdýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bu işlerde agyr ynsan zähmetinden ýa-da býujet işgärleriniň maddy serişdesinden peýdalanylýandygyny ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Soňky ýyllarda hukuk toparlarynyň ençemesi Türkmenistany özüniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt etse-de, türkmen häkimiýetleri ýurtda mejbury zähmetiň bardygyny ret edip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Челябинской области пройдет Международный фестиваль духовной музыки

8 мая мир отмечает день борьбы с талассемией

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о новой структуре приема в вузы

Минэкологии Подмосковья сообщило о начале полетов у птенцов

Музыкальные новости

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Новости России

Аэробная станция и септик: отличия и сходства

В Ярославле ночью на трассе нашли девяностолетнюю бабушку

85-летие победы на Халхин-Голе начали отмечать в Монголии

«Челябинская область очень коррупционна»: местный юрист честно рассказал, почему именно здесь началась волна деприватизации

Экология в России и мире

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Lamoda запустила бренд мужской одежды и обуви Mademan

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Moscow.media

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *