Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident türkmen medeniýetiniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygyny aýdýar

Türkmenistanda şu gün Medeniýet hepdeligi başlandy. Bu gezekki Medeniýet hepdeligi Aşgabat şäherinde geçirilýär.


Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlagyny çap etdi. Onda ýurduň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanýandygy barada aýdylýan sözler gaýtalanýar.


Şeýle-de, prezident milli medeniýetiň, sungatyň hem-de edebiýatyň barha kämilleşýändigini öňe sürýär.


“Şu ýyl ýurdumyzyň teatr artistleriniň, suratkeşleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, gutlagda aýdylýar.


Türkmenistanyň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende ýurtda ilhalar sahna eserleriniň, kinolaryň, okyjylary özüne çekýän eserleriň we makalalaryň ýokdugyny boýun alypdy. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýerli synçylar uly Berdimuhamedowyň boýun alan ýagdaýynyň şindi hem üýtgemeýändigini aýdýarlar.


Olar munuň sebäbini döredijilik erkinliginiň gazaply çäklendirilmegi, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda güzeran aýlamaga çalyşýan medeniýet, sungat we edebiýat wekilleriniň hakykatda hökümet waspçylaryna öwrülmegi bilen düşündirýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *