Gazagystan indi özünde Siriýa gepleşiklerini geçirmejekdigini aýdýar
Gazagystan 21-nji iýunda birden 12 ýyl mundan öň başlanan Siriýa konfliktini çözmäge gönükdirilen gepleşikleriň paýtagt Astanada geçirilmegini bes etjekdigini aýtdy.
Bu karar 2017-nji ýyldan bäri Astanada geçirilýän gepleşikleriň 20-nji tapgyryny tamamlan Russiýa we beýleki gatnaşyjylar, şol sanda Türkiýe, Siriýa we Eýran üçin garaşylmadyk bir zat boldy.
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi gepleşikleriň öz wezipesini ýerine ýetirendigini aýtdy.
Ýöne Russiýanyň Siriýadaky wekili Aleksandr Lawrentýew bu kararyň düýbünden garaşylmadyk bir zat bolandygyny, sebäbi geljekde geçiriljek gepleşikleriň ýeri barada hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdy.