Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mähri gelneje: Jaýymyzyň üçegi islendik wagty üstümize gaçyp biler

“Ýaşaýan köne jaýymyzyň üçegi islendik wagty üç çagamyň, adamymyň we meniň üstüme gaçyp biler. Häkimiýetler jaý sorap ýazýan arzalarymyza oňyn jogap bermeýärler” diýip, maryly ene aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy ýurta dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň fonunda, ilat arasynda ýaşaýyş jaý meselesiniň ýitileşýändigini aýdýar. Ol krizisiň getiren çökgünligine sezewar bolup, öýsüz galan adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar öz hal-ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan kynlaşýandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk şol adamlaryň biriniň başdan geçirenleriniň kyssasyny size ýetirýär. Bellesek, söhbetdeşimiziň hakyky ady, ýaşaýan ýeri we beýleki maglumatlary habarçymyzda bolsa, olar howpsuzlyk aladalary sebäpli aýan edilmeýär.

Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Mähri gelneje (ady üýtgedildi), onuň adamsy we üç çagasy 1959-njy ýylda çagalar bakjasy hökmünde gurlan iki otagly jaýda ýaşaýar. Mähri gelneje we onuň maşgalasy köne we tehniki taýdan howply hasaplanyp, onlarça ýyl ozal ulanyşdan çykarylan bu jaýa sekiz ýyl ozal göçüp barýarlar.

“Adamym we men iş tapmansoň, bu köne, ulanyşdan galan jaýda ýaşamaga mejbur bolduk. Iki otagyň birinde ýatyp-turýarys, nahar bişirýäris, çaý demleýäris, ähli egin-eşiklerimizi, okara-çanaklarymyzy, düşeklerimizi ýuwýarys. Beýlekisinde özümiz ýuwunmak üçin hammam etmeli bolduk” diýip, Mähri gelneje aýtdy.

Ol jaýyň diwarlarynyň gopup durandygyny, hajathananyň, ýuwunmak üçin niýetlenen hammamyň we aşpezhananyň ýokdugyny aýdyp, onuň juda gözgyny ýagdaýdadygyny hem belledi.

“Gyşyna ýagdaý has-da kyn bolýar. Sebäbi jaýda ýyladyş ulgamy hem ýok. Öýüň içinde gyşky, galyň eşiklerimiz bilen oturýarys. Hemmämiz bir elektrik pejiň daşyna üýşüp, gyşymyzy geçirýäris. Otaglaryň içi-de juda çig. Gyşyna üçekden ýagyş hem geçýär. Şeýle-de, üçegiň ýagdaýy juda ýaramazlygy sebäpli, ol üç çagamyň, adamymyň we meniň üstüme islendik wagty gaçyp biler” diýip, ol belledi.

Mähri gelneje mundan iki ýyl ozal häkimlige arza bilen ýüz tutandygyny, onda bir otagda bäş adam bolup ýaşaýandyklaryny beýan edip, özlerine jaý edinmäge kömek etmegi haýyş edipdir. Emma...

“Arzamyzda adamymyň zir-zibil çeleklerinden plastmassa, kagyz we alýumin gaplaryny ýygnap satýandygyny, özümiň kärende ýerlerinde zähmet çekýändigimizi hem beýan etdik. Biz boş mellek berseňiz hem razy diýip, haýyş etdik. Ýöne häkimligiň işgärleri bize ‘Köne bolsa-da ýaşamaga ýer berilenine şükür edip, bu jaýy-da ýykmaly diýip karara gelsek näme etjek? Pul ýygnaň-da, mellek özüňiz satyn alyň’ diýdiler. Şondan soňra hiç ýere arza bilen ýüz tutmadyk” diýip, Mähri gelneje aýtdy.

Ol jaýa göçüp baranlaryndan soň doglan 7 ýaşyndaky iň kiçi çagasynyň demgysma keselinden ejir çekýändigini hem belläp, harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, onuň dermanlaryny satyn almagyň günsaýyn kynlaşýandygyny-da aýtdy.

Türkmen metbugaty "Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ýurduň paýtagty we sebitleri tanalmaz ýaly özgerdi" diýip, ýurtdaky gurluşyklaryň depginine uly baha berýän reportažlary ýygy-ýygydan köpçülige ýetirýär.

Ýöne habarçylarymyz bu jaýlardan ilatyň aglaba böleginiň satyn alyp bilmeýändigini, ipoteka jaýlaryna nobata durmak üçin-de azyndan 30 müň manat para bermelidigini, ipotekanyň belli bir bölegini öňünden nagt bermelidigini aýdýarlar.

“Täze gurulýan jaýlaryň aglabasy boş durýar” diýip, maryly habarçymyz belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

8 мая мир отмечает день борьбы с талассемией

На северо-западе Москвы женщина на несколько дней оставила 12-летнего сына-инвалида в квартире

20 мая в филиалах МОККВД пройдет день бесплатной диагностики родинок

Новый дом построили в микрорайоне Рекинцо-2 в Солнечногорске

Музыкальные новости

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

На заводах АО "Желдорреммаш" внедряется автоматизированная система по рекламационно-претензионной работе “Астрея”

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Аналитики оценили изменение высоты новостроек в городах России за 5 лет

Новости России

Многодетная семья Сергеевых: «55 лет вместе благодаря взаимному пониманию и поддержке»

В Московской области произвели более 116 тыс т корма для домашних животных

20 мая в филиалах МОККВД пройдет день бесплатной диагностики родинок

8 мая мир отмечает день борьбы с талассемией

Экология в России и мире

10 полезных продуктов для сердца

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Краски севера IV







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *