Filippin häkimiýetleri adam gaçakçylygynyň 1000 pidasynyň halas edilendigini aýdýar
Filippinleriň polisiýasy 27-nji iýunda paýtagt Manilada geçirilen reýdde adam gaçakçylygynyň pidasy diýlip bilinýän adamlaryň 1000-den gowragynyň halas edilendigini aýtdy.
Pidalar Hytaý, Wýetnam, Singapur we Malaýziýa ýaly ýurtlaryň raýatlary bolup, olar sosial ulgamlarda oýnalýan “onlaýn oýunlarynyň kömekçilerniň” mahabaty arkaly aldawa salnyp, ýurda getirilipdir.
Maý aýynda hem 1000 adam halas edildi. Olar aldawa salnyp, ýesirlikde saklanypdyr we onlaýn kezzapçylygy bilen meşgullanmaga mejbur edilipdir.