Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bereketde prokuratura derňewleri geçirilýär, plan borçnamasyny dolup bilmedik gallaçylar soraga çekilýär

Bereketde prokuratura derňewleri geçirilýär, plan borçnamasyny dolup bilmedik gallaçylar soraga çekilýär

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň galla kabul ediş kärhanasynda we daýhan birleşiklerinde Aşgabadyň tabşyrygy boýunça prokuratura derňewleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Barlagçylar etrapda wagtyndan öň tamamlanan orak möwsüminde käbir daýhan birleşiklerde plan borçnamasynyň ýerine ýetirilmezligi bilen baglylykda derňew işlerini alyp barýarlar.

“Döwlet plan borçnamasyny ýerine ýetirmedik daýhan birleşikleriň başlyklary gallaçy kärendeçiler bilen bilelikde etrap prokuratura edarasynda her gün soraga çagyrylýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Barlagçylar soraga çekilýän daýhan birleşikleriň başlyklaryny we gallaçy kärendeçileri bugdaý ogurlygynda güman edýärler we döwletiň öňündäki bergilerini 1-nji iýula çenli ýapmadyk halatynda, olara garşy jenaýat işini gozgamak haýbatyny atýarlar.

Etrabyň galla kärhanasynda geçirilen derňewleriň dowamynda bolsa, kärhananyň işi bilen bagly dürli aýyplamalar bilen birnäçe jogapkär işgäre garşy aýyplama bildirilip, jenaýat işi gozgalypdyr.

Azatlyk Radiosy garşysyna iş gozgalan işgärleriň at-familiýalaryny aýan etmekden saklanýar.

Türkmenistanda daýhanlar döwletiň bölüp beren kärende ýerlerinde şertnama esasynda gowaça we bugdaý ýaly döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler we ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Döwlet daýhanlary oba hojalyk tehnikalary we mineral dökünleri bilen ýeňillikli üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Plan borçnamasynyň hötdesinden gelip bilmedik kärendeçiler tehnika we mineral dökünleri bilen bagly özlerine berlen ýeňillikleriň öwezini dolmaly bolýarlar. Şeýlelikde, kärendeçiler kähalatda döwletiň öňünde bergili çykýarlar.

Hasylyň meýdanlardan ýygnalmagynyň yz ýany, prokuratura edaralary döwlet plan borçnamasyny ýerine ýetirmedik kärendeçileri soraga çekip başlaýar.

Bereket etrabynda prokuratura edaralary tarapyndan derňelýän gallaçy kärendeçiler bugdaýa ideg işlerinde ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçilik edendigini, ýylyň dowamynda ygalyň az bolandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi, kärendeçi daýhanlaryň mineral dökünleri bilen, ýa-da oba hojalyk tehnikalary bilen wagtly-wagtynda üpjün edilmezligi ýaly ýagdaýlar sebäpli oba hojalyk önümçiligine niýetlenip, bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde gowaça ýa-da bugdaý hasylynyň pes bolmagy barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Ideg işleriniň dowamynda kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary bilen bagly habarlara asla reaksiýa bildirmeýän türken häkimiýetleri hasyl möwsüminiň yz ýany, plan borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçilere garşy basyş çärelerini güýçlendirýärler.

“Prokuratura işgärleri polisiýa bilen bilelikde öýlere aýlanyp, daýhanlaryň öýlerindäki ammarlary barlaýarlar. ‘Bugdaý ogurlap, gizleýän bolaýmasyn’ diýip, güman edýärler” diýip, bir ýerli daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Prokuratura barlaglarynyň ýaňy-ýakynda başlanandygyna garamazdan, Bereket etrabynyň Uzynsuw, Akbogaz we Oboý geňeşliklerinde eýýäm işigindäki mallaryny satyp, döwletiň öňündäki bergilerini ýapmaga başlan hojalyklar bar.

Bereketli ýaşaýjylar etrapda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe hem galla kärhanalary bilen bilen baglylykda prokuratura barlaglarynyň geçirilendigini, şol derňewleriň netijesinde birnäçe işgäre iş kesilip, olaryň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendiklerini aýdýarlar.

Mundan ozal, 2022-nji ýylyň dekabrynda döwlet telewideniýesi “bugdaýy bikanun satmakda we döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmekde” aýyplanyp, iş kesilen galla kärhanalarynyň işgärlerini görkezdi. Şonda döwlet metbugaty Balkanabat galla kärhanasynyň hem-de Bäherden galla önümleri kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň “wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna peýdalanandyklaryny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Глава Подольска выслушал вопросы и предложения жителей в ходе личного приема

Фестиваль «Город танцует в парках» пройдет в Видном 2 июня

Опубликован шорт-лист X Всероссийской премии «СоУчастие»

Годы метро к лицу: подземка Москвы отмечает 89-летие с момента запуска

Музыкальные новости

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Новости России

Фестиваль «Город танцует в парках» пройдет в Видном 2 июня

Радио Romantika – партнер всероссийской премии «Мама года»

Почти 140 здоровых детей родились в Подмосковье от матерей с ВИЧ

Глава Подольска выслушал вопросы и предложения жителей в ходе личного приема

Экология в России и мире

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Спорт в России и мире

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Сервер российского вендора DатаРу прошел сертификацию и показал рекордную производительность при работе с SAP HANA







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *