Dagly Garabagyň de-facto häkimiýetleri dört esgeriň azeri okundan ölendigini aýdýarlar
Bölüniji Dagly Garabag sebitiniň de-fakto häkimiýetler dört sany etniki ermeni esgeriniň 28-nji iýunda irden, Azerbaýjanyň atan okundan ölendigini habar berdiler.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi beýanat çap edip, öz pozisiýalarynyň Dagly Garabag tarapdan oka tutulandygyny we bir azerbaýjan esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy.
Ministrlik Dagly Karabag häkimiýetleriniň dört esgeriň Azerbaýjan okundan öldürilendigi barada aýdanlaryna düşündiriş bermedi.
Habar berlen hadysa ABŞ-nyň 27-nji iýunda, gaýta-gaýta ýüze çykýan çaknyşyklary soňlamak tagallalarynyň çäginde, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň arasynda Waşingtonda üç günlük parahatçylyk gepleşiklerini açan wagtyna gabat geldi.