Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ilata paýlanan ýeňillikli ýag döwlet dükanlary tarapyndan "Arkadagyň sahawaty" atlandyryldy

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenbaşynyň şäher häkimliginiň tagallalary bilen ýerli döwlet dükanlarynda ilatyň ýeňillikli ýag paýlary paýlandy. Her hojalyga üç litrden paýlanan pagta ýagy nobata ýazylan adamlaryň hemmesine ýetmedi. Dükanlardan ýag almagy başaran adamlardan öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa jan-saglyk arzuw etmek tabşyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 26-njy iýunda sebitden habar berdi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda şäheriň 1, 2, 9, 18 we 29 belgili döwlet dükanlarynda ilata paýlanan ýeňillikli ýag, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň toplan maglumatlaryna görä, dükanlarda hasaba alnan ilatyň takmynan 10 göterimine ýetdi.

Indi ençeme ýyllardan bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda eli ýuka maşgalalar döwletiň ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýar.

Bazarlarda günebakar ýagynyň 1 litri 23 manatdan satylýar. Subsidirlenen pagta ýagy Türkmenbaşynyň döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan, 5 manatdan satyldy.

Dükan satyjylary Gurban baýramynda ilata ýeňillikli bahadan satylan pagta ýagyny “Arkadagyň sahawaty” atlandyryp, bu mynasybetli, mukaddes günlerde Gurbanguly Berdimuhamedowa jan-saglyk dilemegi, dileg-doga etmegi tabşyrdylar.

“Gurbanlyk günlerinde ýeňillikli ýagdan nahar, bişme ýa-da çabady bişireniňizde Arkadaga doga-dileg etmeli, jan-saglyk dilemeli” diýip, ýerli ýaşaýjylar bir döwlet dükanynyň satyjysynyň aýdan sözlerini getirýärler.

Türkmenistanda soňky birnäçe aýyň dowamynda häkimiýetler ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanandygyny öňe sürüp, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan azyk paýlarynyň ýatyrylmagyny teklip edip başlapdy. Resmilere görä, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli azyk paýlarynyň paýlanylmagy, umuman, ýeňillikli azyk paýlaryna mätäç raýatlaryň bolmagy “ýurtda höküm sürýän bagtyýar durmuşyň” gelşigini gaçyrýar.

Ýöne türkmenbaşyly ýaşaýjylaryň arzan bahadan satylan arassalanmadyk pagta ýagyna mätäç galmagy resmileriň “bagtyýar durmuş” baradaky öňe sürmelerini ýalana çykarýar.

“Ýag almaga baran mätäç adamlar [dükan satyjylarynyň doga-dileg talaplaryny] özleriniň hökman ýerine ýetirjekdiklerini aýdyp, entek ýag almankalar Gurbanguly Berdimuhamedowa jan-saglyk arzuw etdiler” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň metbugat serişdeleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk problemalary barada habar bermeýär. Ýöne türkmen häkimiýetleri we resmiler soňky birnäçe aý bäri ilatdan Gurbanguly Berdimuhamedowa jan-saglyk dilemegi talap edýärler.

Ýatlasak, türkmen häkimiýetleri haj zyýaratyna iberilen raýatlardan Berdimuhamedowlara doga-dileg etmegi talap etdi. Soňky bir aýyň içinde ikinji gezek Türkmenistanda raýatlardan Gurbanguly Berdimuhamedowa jan-saglyk dilemek talap edilýär.

Beýleki tarapdan, döwlet telewideniýesinde çykyş edýän raýatlar gije-gündiz Berdimuhamedowa jan-saglyk, ömürleriniň uzyn bolmagyny we ‘tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny’ arzuw edýärler.

Ýöne, megerem, Türkmenistanda döwlet dükanyndan ýeňillikli ýag paýyny almagy başaran adamlardan Berdimuhamedowa jan-saglyk dilemegiň talap edilýändigi barada ilkinji gezek habar berilýär.

Döwlet häkimiýetiniň raýatlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak, raýatlary amatly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmek babatda öz üstüne alan borçlaryna garamazdan, ýeňillikli ýag paýyna mätäç galan ýerli ýaşaýjylar pagta ýagyny “Arkadagyň sadakasy” hökmünde kabul etmäge mejbur edilýärler.

“Bazarda günebakar ýagynyň bir litri 23 manat. Ol hemmeler üçin elýeterli däl. Bir litri bäş manatdan satylan pagta ýagy kömek boldy. Bazarlardaky bahalar döwlet kömek pullary, pensiýa we ujypsyz aýlyk haklary bilen güzeran aýlamaga çalyşýan hojalyklara gabat gelmeýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Beýleki bir ýaşaýjy ilatyň ýeňillikli azyk paýlarynyň “döwlet ýolbaşçylarynyň halka berýän sadakasy hökmünde” hödürlenilmeginiň masgaraçylykdygyny aýdýar.

“Aslynda Arkadag [öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow]we onuň ogly [prezident Serdar Berdimuhamedow] öz halkynyň ýeňillikli azyk önümlerine mätäçlik çekip ýaşaýandygyna utanmaly. Öz adyna akylly şäher gurup, halka her aý 30 dollar pensiýa, 50 dollar aýlyk berýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

“Adamlar arassalanmadyk pagta ýagyny ýeňillikli bahadan satyn alyp, özlerini bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowa bergili ýaly duýmaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda un, ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan azyk paýlary hökmünde ilata paýlanýar. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ilatyň aýlyk gazanjynyň bazar sebedine gabat gelmeýän mahaly, köp sanly hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýar. Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň azyk paýlarynyň yzygiderli gijikdirilýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Память офицера Росгвардии - Героя России Максима Концова увековечили в Улан-Удэ

Влюбился в жену друга и нарисовал «Мадонну с младенцем»: 5 знаменитых картин, которые появились благодаря романтическим историям художников!

Пробки в Подмосковье оценили в 5 баллов утром 16 мая

Из Красногорска в зону СВО отправлены автомобиль УАЗ и квадрокоптеры

Музыкальные новости

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Новости России

Фигуранту дела о теракте в «Крокусе» Файзову* продлили арест до 22 августа

Нарколог призвал не садиться за руль при наличии сомнений в своей трезвости

Путин объяснил выбор Китая для первого визита после переизбрания

Названа причина смерти легендарного летчика-испытателя Дмитрия Автухова

Экология в России и мире

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Пермский край, Суксунский район

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Moscow.media

Руки-загребуки или парфюм с запахом уголовного дела

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *