Diňle: Häkimiýetler raýatlar bilen duşuşyp, olary Russiýadaky dogan-garyndaşlaryny ýurda getirmäge çagyrýar
![Diňle: Häkimiýetler raýatlar bilen duşuşyp, olary Russiýadaky dogan-garyndaşlaryny ýurda getirmäge çagyrýar](https://gdb.rferl.org/63C23184-01E1-4C5E-A961-6607983E772E_cx36_cy0_cw56_w800_h450.jpg)
Russiýada “Wagner” hakyna tutma toparynyň ýatyrylan gozgalaňynyň yz ýany, türkmen häkimiýetleri bu ýurtda, hususan-da Moskwada işleýän we okaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlary bilen ýygnaklary geçirip başladylar. Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky edaralarynyň resmileri ýygnaga gatnaşan raýatlara "Moskwada ýagdaýyň gün-günden çylşyrymlaşýandygyny" aýdyp, olara Russiýadaky dogan-garyndaşlaryndan Türkmenistana dolanmagy soramagy maslahat berýärler. Bellesek bu, türkmen resmileriniň Russiýa barada ynamsyz sözleri aç-açan aýtmagy bilen bagly, soňky ýyllarda bilinýän, ilkinji waka boldy.