Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hytaýyň habar serişdeleri: Täjigistanda 800 müňden gowrak dul aýal bar

Hytaýyň habar serişdeleri: Täjigistanda 800 müňden gowrak dul aýal bar

Hytaýyň meşhur saýty Täjigistandaky dul aýallar barada, statistiki maglumatlary çap etdi. Täjigistanyň demografik ýagdaýy hakyndaky analitik makala prezident Emomali Rahmonyň şu ýylyň maý aýynda, Hytaýa eden saparynyň yz ýanyndan peýda boldy hem-de Hytaýyň beýleki mediasy tarapyndan gaýtalanyp çap edildi. Emma Duşanbeden bu neşire hiç hili reaksiýa bolmady.

Hytaýyň maglumat we biznes saýty Sohu (搜狐网) 25-nji maýda, Täjigistanda 800 müňden gowrak dul aýalyň bardygyny habar berdi. «Siz muňa ynanýarsyňyzmy? Täjigistanyň 9 milliondan gowrak ilaty bar, onuň 800 müňden gowragy dul aýallar! Şeýle sorag ýüze çykýar: olaryň ärleri nirede?»

Makalada maglumat çeşmeleri hakda, hiç zat aýdylmaýar. "Statistika maglumatlaryna görä, garaşsyzlykdan soň Täjigistanyň ilaty görnetin azaldy, bu döwürde dul aýallaryň sany köpeldi" diýip, makalanyň awtory tassyklaýar.

Täjigistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika baradaky edaranyň habarlarynda, ýurtda dul aýallaryň sany dogruda maglumat ýok. Aýallar we maşgala meseleleri baradaky komitet Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna özlerinde beýle maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Täjigistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde, ýurtda aýrylyşýan maşgalalar hakda, ýygy-ýygydan statistiki maglumat çap edýär, şeýle-de bolsa, biziň gürrüňdeşimiziň sözüne görä, döwlet edaralarynda dul aýallar, durmuşa çykmadyk gyzlar ýa-da aýrylyşan aýallar barada, aýratyn statistik maglumatlar ýok.

Bilermenleriň pikirine görä, durmuşa çykmadyk aýallaryň ählisine dul aýal diýip bolmaz. «Täjigistanda erkek adamlaryň gazanç üçin ýurtdan gidip, ýyllap yzyna dolanyp gelmeýän maşgalalar az däl. Ýöne olar maşgalasyna hemişe pul iberýärler, olaryň aýallaryna hiç bir ýagdaýda dul diýip bolmaz. Eýsem okuwyň ýa-da iş ornuny gazanmagyň hatyrasyna giç durmuşa çykýan gyzlary “dul” hasaplamak mümkinmi? Şeýle mysal örän köp, bu bolsa çap edilen statistikany şübhe astynda goýýar» diýip, ekspert Saodat Olimowa aýdýar.

Sohu neşiri SSSR-iň dargamagyndan soň, Täjigistanda "sebitler arasynda uruş başlanandygyny, netijede köp erkek adamyň ýurtdan çykyp gidendigini" belleýär. "Soňra ykdysady kynçylyklar sebäpli täjik maşgalalarynda galan beýleki adamlar hem gazanç üçin gitdiler. Olar gaýdyp öýlerine dolanman, SMS ýazyşyp, ýanýoldaşy bilen gatnaşygyny bozdular” diýip, awtor ýazýar.

Bu aralykda Täjigistanda graždanlyk urşy döwründe 150 müňe golaý adam öldi, aýratynam olaryň köpüsi durmuş gurmaga ýetişmedik ýaş ynsanlardy. Aýal guramalary we demografik statistika boýunça geçirilen barlaglara görä, graždanlyk urşy döwründe 25 müňden gowrak aýal dul galypdyr, ol dokumentiň nusgalary Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna bar. Şeýle statistik maglumatlary täjik bosgunlary bilen işleşýän gurama hem 1995-nji ýylyň fewralynda çap edipdi. Ýurtda ýagdaý durnuklaşandan we bosgunlaryň yzyna gaýdyp gelmeginden soň ýagdaý üýtgedi. «Täjigistanda ýeke ýaşaýan aýallaryň sany beýleki post-sowet respublikalaryna garanyňda has azdyr. Bizde, meselem, Russiýadan we Gyrgyzystandan az» diýip, Saodat Olimowa aýdýar.

Hytaýyň Sohu (搜狐网) maglumat we biznes saýtyndaky Täjigistanda demografik ýagdaýyň ýaramazlygy aýdylýan makala prezident Emomali Rahmonyň şu ýylyň maý aýynda, Hytaýa eden saparyndan biraz wagt soň çap edildi. Şonda Täjigistanyň baştutany Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapar bilen bardy hem Sian şäherinde geçirilen “Hytaý – Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşdy.

"Täjigistanyň dul aýallary” baradaky makalany beýleki hytaý media serişdeleri hem gaýtalap çap etdiler.

Täjigistanyň häkimiýetleriniň neşire bolan reaksiýasy häzirlikçe mälim edilmedi.

Hytaýyň köpçülikleýin habar serişdeleri täjigistanly aýallar baradaky şübheli statistika makalalary ozal hem çap edipdi. 2021-nji ýylda "Azat tolkun" (网易-Wangyi) saýty Täjigistanda 200 jelephananyň bardygyny, onda 14 müň "gijeki kebelekleriň" işleýändigini ýazdy. Makalanyň awtory Jiyang Şen Ýang (蒋沈杨) jynsy hyzmatlaryñ bahasy 15 ýuandan ýa-da 20 somoniden (2$ çemesi) başlaýandygyny we 1000 somonä çenli (100$ çemesi) barýandygyny belläp geçýär. Täjigistanda “söýgi hyzmatlary” köçelerde, barlarda, restoranlarda, gijeki klublarda we sauna-hammamlarda ulanylyp bilner diýip, awtor belleýär.

"Azat tolkun" saýty ýene-de şeýle belledi: "Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biri bolan Täjigistanda owadan zenanlar köp. Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen ýurtda graždanlyk urşunyň bolup geçendigi sebäpli, häzir statistik maglumatlara görä, her erkek adama 5 aýal düşýär. Ondan başga-da, pes ykdysady ýagdaý lolularyň sanynyň artmagyna ýardam edýär”.

Täjigistanyň häkimiýetleri Hytaý saýtynda çap edilen maglumatlary ne-hä tassykladylar, ne-de inkär etdiler. Iň gadymy pişe bilen meşgullanan wekilleriň anyk sany belli däl, emma 2018-nji ýylda Täjigistanyň häkimiýetleri jelepçilik bilen meşgullanýan 6 müňe golaý aýalyň sanawyny düzdi. Şol wagtda Täjigistanyň raýat jemgyýetiniň aktiwistleri we aýal hukuklarynyň tarapdarlary websaýtyň çap eden statistikalaryny şübhe astynda goýupdylar. Täjigistanyň "Hukuk deňliginden – de-fakto deňlige çenli" atly hökümete degişli bolmadyk Guramalar birleşiginiň başlygy Güljahon Bobosadykowa Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda, käbir ýerli aýal-gyzlaryň jelepçilik bilen meşgullanýandygyny inkär etmedi. «Ýöne beýle aýallar ol saýtda ýazylyşy ýaly köp däl. Munuň özi görnetin ulaltma. Olar gaty ýalňyşdylar» diýip, Güljahon Bobosadykowa belläpdi.

Saodat Olimowanyň pikirine görä, Hytaýyň elektron habar beriş serişdelerinde şeýle makalalaryň ýaýradylmagy hytaýlylaryň öz arasynda jemgyýetçilik pikirini emele getirmek maksady bilen bilgeşleýin çap edilýär.

«Hytaýyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň näme üçin beýle makalalary çap edýändigini bilýäňizmi? Owaly bilen Hytaýda erkek adamlaryň köpüsi öýlenmedik, sebäbi ýurtda aýallaryň sany gaty az. Şu ýakyn döwre çenli Hytaý "Bir maşgala – bir çaga" syýasatyny ýöredip geldi, şoňa laýyklykda bir jübüt maşgala diňe bir çaga edinmäge haklydy. Şoňa görä her kimiň ogul perzent edinmek isleýändigine esaslanyp, göwreli hytaýly aýallar düwünçegiň gyzdygyny bilip, çagany aýyrdýardylar. Netijede ýüzlerçe million hytaýly erek öýlenmek mümkinçiligini elden gidirýärler. Şeýle makalalar Täjigistana howp salýar, sebäbi hytaýlylaryň aňynda "bize Täjigistan gerek, ol ýerde köp dul aýallar we jelepler bar" diýen pikiri döräp biler» diýip, biziň gürrüňdeşimiz düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

На Солнце зафиксирована мощнейшая вспышка в текущем цикле активности

Патрушев, Дюмин, Орешкин, Ямпольская: Владимир Путин подписал указы о назначениях в руководстве АП

Дмитрий Бикбаев готовит премьеру театрального проекта, основанного на личных переживаниях

В Богородском округе планируют провести реконструкцию Центра образования № 23

Музыкальные новости

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Прогрессивные методы предсказания роста криптовалют на Бинанс — ИИ в действии

Госцирк Бурятии возглавил Тудуп Батуев: Театр и цирк, Культура, Россия

Новости России

В поселке Калинина Люберец установили дорожные знаки, запрещающие остановку

Как оформить туристическую визу в Китай: подводные камни и перечень документов

Патрушев, Дюмин, Орешкин, Ямпольская: Владимир Путин подписал указы о назначениях в руководстве АП

"Спартак" проиграл "Балтике" и остался без Суперфинала Кубка России

Экология в России и мире

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Пермский край, Суксунский район

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Медведев вышел в четвертый круг "Мастерса" в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Утро на озере...

Осень в Хибинах...

"Помогу оформить детские пособия". Почему имя Мухаммад бьёт рекорды в ХМАО

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *