BMG-niň hukuklar başlygy, öňi alynmasa, howa özgermesiniň netijeleriniň aýylganç boljakdygyny duýdurýar
BMG-niň adam hukuklary bölüminiň başlygy Wolker Turk 2-nji iýulda howa özgermesiniň bütin dünýä “hakykatdan hem elhenç” açlyk we horluk gelejegi howpuny salýandygyny duýdurdy.
Turk Ženewada, BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde eden çykyşynda adatdan daşary howa şertleriniň eýýäm ekinleri, sürüleri we tutuş ekosistemalary ýok edýändigini, bu ýagdaýda ýerli jemgyýetleriň öz-özlerini goldap, gorap bilmeginiň mümkin däldigini aýtdy.
Türk dünýäde häzir 828 milliondan gowrak adamyň açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny we asyryň ortalaryna çenli bu görkezijiniň ýene 80 million adam artjakdygyny aýtdy.
"Bu ýerde entek herekete geçmek üçin wagt bar, ýöne ol wagt häzir" diýip, ol dünýä liderlerine ýüzlenip aýtdy.