Eýranly aýallara futbol meýdançalaryna barmaga rugsat berilýär
Eýranyň Milli howpsuzlyk geňeşi ýerli ýaryşlar wagtynda ýurduň käbir futbol stadionlaryna aýal-gyzlaryň hem goýberilmegini oňlady diýip, Eýranyň futbol federasiýasynyň başlygy Mehdi Täj habar berdi.
Eýranda aýal-gyzlaryň futbol meýdançalaryna baryp, oýunlara ýakyndan tomaşa etmegi 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan bäri gadagan bolmagynda galýar.
Täjiň aýtmagyna görä, bu kararyň ýerine ýetirilmegi üçin işçi topary döredildi. "Içeri işler ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Futbol federasiýasy we iki habar gullugy aýallaryň geçiş jikme-jikliklerini işläp düzmek bilen meşgullanýar” diýip, döwlet resmisi aýtdy.
1979-njy ýyldan bäri aýallary stadiona diňe aýratyn ýagdaýlarda, mysal üçin, şu ýylyň martynda Russiýa bilen bolan ýoldaşlyk ýaryşy ýaly oýunlarda goýberdiler.
Geçen ýylyň awgust aýynda aýallary ilkinji gezek geçen ýylyň ýerli ýaryşynda, "Esteghlal" we "Sanat Mes Kerman" toparlarynyň arasynda bolan oýna tomaşa etmäge goýberdiler. Şonda 500 aýal üçin aýratyn girelge we ýer bellendi.