Täjigistanyň ozalky howpsuzlyk işgärleri adam ogurlamakda aýyplanýar
“Orienbankyň” başlygynyň birinji orunbasary Şuhrat Ismatulloýewi alyp gaçmakda güman edilip, Täjigistanda azyndan dört adam tussag edildi.
Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň (Radio Ozodi) howpsuzlyk edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, olar hukuk goraýjy edaralaryň öňki işgärleri bolup, bu jenaýat işini "ýakasy gaýyşly jenaýatçylar bilen bilelikde amala aşyrypdyrlar”.
Derňewe ýakyn çeşmäniň beren maglumatyna görä, tussag edilenleriň biri ozal Içeri işler ministrliginde, Döwlet maliýe gözegçiligi gullugynda we Täjigistanyň korrupsiýa garşy göreş gullugynda işläpdir.
Mundan başga, Şuhrat Ismatulloýewiň maşgalasyna ýakyn çeşmäniň beren maglumatyna görä, bu jenaýat bilen baglylykda ozal prokuraturada işlän adam hem tussag edildi.
Ýene bir çeşme adam ogurlamakda güman edilýän tussaglaryň güýç gurluşlarynyň döwlet belgileri dakylan awtoulagy ulanandygyny, bu belgileriň ulagy aşa ýokary tizlikde sürmäge hem-de ýol polisiýasynyň talaplaryny ýerine ýetirmezlige mümkinçilik berendigini aýtdy.