Russiýanyň partlaýjy enjamlar zawodynda bolan partlamada alty adam öldi
Russiýanyň merkezi Samara sebitinde partlaýjy enjamlary öndürýän uly zawodda bolan partlamada alty adam öldi diýip, TASS gyssagly kömek gullugyna salgylanyp habar berdi.
Şeýle-de, habar gullugy Çapaýewsk şäherindäki “Promsintez” zawodynda bolan partlamada iki adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Partlamanyň abatlaýyş işleri wagtynda, turbanyň bir bölegi sökülende bolandygy aýdylýar.
1997-nji ýylda gurlan “Promsintez” Russiýada we öňki Sowet Soýuzynda senagatda ulanylýan partlaýjylary öndürýän esasy kärhanalaryň biri boldy.