Metbugat: Aşgabatda ilata 3,5 müňden gowrak iş orny hödürlendi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Aşgabatdaky merkezinde ilata 3748 sany iş orny hödürlenildi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.
TSTB-niň Aşgabat şäheriniň we Büzmeýin etrabynyň degişli işgärleri bilen geçiren çäresinde döwlete we hususy ulgama degişli 92 sany edara-kärhana özlerinde bar bolan iş orunlaryny ilata hödürledi diýip, habara bellenýär.
Aýdylmagyna görä, ilata boş duran iş orunlaryny hödürlemek çäresi ýylda dört gezek geçirilýär. Ýöne habarda bu hili çäreleriň sebitlerde hem geçirilip-geçirilmeýändigi, netijeliligi, olar arkaly näçe adamyň işe ýerleşendigi anyklaşdyrylmaýar.
Habarda anyklaşdyrylmagyna görä, bu gezek “Weli-gurluşyk” hususy kärhanasy 30 sany, “Daýhan” hususy kärhanasy 9 sany, “Arzuwly” hojalyk jemgyýeti 38 sany, “Gala-Arslan” hojalyk jemgyýeti 108 sany we “Bahar” tikin önümçilik birleşigi 83 sany boş iş ýerini hödürledi.
Türkmen hökümeti ýurtdaky agyr işsizligi, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany we sowet ýyllaryndan bäri gelýän mejbury zähmeti, işleýän adamlaryň alýan aýlyklarynyň maşgala eklemäge ýeterden has azdygy barada aýdylýanlary, daşary ýurtlara iş gözläp gidýän raýatlarynyň azalmaýandygyny boýun almaýar we bu meseleleri çözmek üçin açyk maslahat etmeýär.