Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar

Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde A-80 kysymly awtoulag benzininiň satuwy bes edildi. Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy ECO-93 kysymly awtobenziniň bolsa, indi bir ýyldan gowrak wagt bäri tapdyrmaýandygyny aýdýar.

Bu maglumatlar, Türkmenistanyň bahasy ýüzlerçe müň amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini, şol sanda A-92 we ECO-93 awtobenzini daşary ýurtlara satandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“A-80 kysymly benzin iýul aýynyň başyndan bäri tapdyrmaýar. Ýangyç guýýan beketlerde A-80 benziniň kolonkasyndaky şlangy kolonkanyň daşyna aýlaw edip, baglap goýupdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol mundan ozal benzin ýetmezçiligi emele gelende, hususy eýeçilikdäki awtoulaglaryň sürüjilerine satylmaýan gyt ýangyjyň döwlet edara-kärhanalarynyň ulaglaryna guýlup berlendigini hem belledi.

“Häzir A-80 benzini hiç kime satmaýarlar. Ýangyç beketleriniň işgärleri A-80 benziniň ýokdugyny aýdyp, ähli sürüjilere A-92 ýa-da A-95 benzinden guýdurmagy teklip edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, sebitiň ýangyç guýýan beketlerinde ECO-93 kysymly awtobenzin bolsa, indi bir ýyldan gowrak wagt bäri tapdyrmaýar.

“Mundan öň ýangyç beketlerinde ECO-93 awtobenzinini satmak üçin ýörite kalonkalar bardy. Olarda 'A-93 benzin’ diýen ýazgy bardy. Häzir bu kalonkalar düýbünden ýok we olaryň deregine A-92 kysymly kalonkalar bolup, olarda A-92 benzin satuwa goýberilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň nebiti gaýtadan işleýän iri zawodyň ýerleşýän welaýatynda benzin gytçylygynyň emele gelmegi we onuň sebäpleri barada “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň biri Lebabyň Seýdi şäherinde ýerleşýär. Muňa garamazdan, soňky aýlarda sebitde ýiti benzin gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Benzin gytçylygy baradaky soňky maglumatlar, Türkmenistanyň bahasy ýüzlerçe müň amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini daşary ýurtlara satandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi. Bu barada türkmen mediasy soňky bir aýyň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

 

Hususan-da, 12-nji iýunda çap edilen habarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň beýlekiler bilen bir hatarda, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen A-92 we ECO-93 awtobenzinleri satyn alandygy mälim edildi.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerinde benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.

Geçen aýyň başynda geçirilen hökümet maslahatynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 111,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 107,5 göterim ýerine ýetirilendigi yglan edildi.

Ýöne maslahatda ýangyja baý Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda emele gelýän awtobenzin gytçylygy, onuň sebäpleri baradaa kelam agyz söz aýtmadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Молдавии завели уголовное дело против политиков, побывавших на съезде в Москве

Иностранные «специалисты»: головная боль за собственный счет

Кофемашины Gaggia: искусство приготовления кофе

В Подмосковье обсудили вопрос пресечения незаконной установки рекламных баннеров

Музыкальные новости

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Следком России ищет приезжего из Азербайджана из-за его желания убивать в ЯНАО

Страдания юного Аюша Булчун

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Новости России

На Иви стали доступны вторые сезоны «Дракошии», «Улётной доставки» и «Тикабо»

Сотрудники Росгвардии, обеспечивающие правопорядок на комплексе Байконур поздравили со 100-летием труженицу тыла

Кофемашины Gaggia: искусство приготовления кофе

Томский стенд на выставке "Россия" отмечен премией "За гостеприимство"

Экология в России и мире

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Звуковая зубная щетка Revyline RL060 White и зубная паста Revyline Smart заказать в Назрани

Спорт в России и мире

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Moscow.media

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Краски севера V

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *