ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Aşgabatda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty 10-njy iýulda habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri we ÝHHG-niň üçünji ölçeginiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň geljegi, şol sanda metbugat azatlygy boýunça wekiliň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler maslahatlaşyldy diýip, habarda anyklaşdyrylmazdan aýdylýar.
Mundan başga, taraplar Türkmenistanda milli we sebit derejelerinde bilelikdäki metbugat çärelerini geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň yzdaky ýurtlaryň biri bolmagynda galýar we garaşsyz žurnalistleri berk yzarlamakda tankytlanýar.
Şeýle-de, Tereza Ribeýronyň türkmen mejlisinde parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşandygy habar berilýär.
ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekiliniň Aşgabada eden saparynda Türkmenistanyň garaşsyz žurnalistleri gorkuzmagy, türmä basmagy, döwlet senzurasyny ýatyrmagy we garaşsyz neşirleriň döremegine ýol bermegi baradaky meseleleriň gozgalandygy ýa däldigi belli däl.
Tereza Ribeýro 2021-nji ýylyň fewralynda Aşgabada baranda, 2020-nji ýylyň sentýabrynda dört ýyl azatlykdan mahrum edilen blogçy Nurgeldi Halykowyň işi boýunça goşmaça maglumat berilmegini talap edipdi.