Metbugat: Arkadagda seýsmologik stansiýanyň gurluşygy başlandy
Arkadag şäherinde seýsmiki yrgyldylary takyk bellige aljak seýsmologik stansiýanyň gurluşygy başlandy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Täze stansiýanyň wezipesi, habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň çäginde we onuň golaýyndaky seýsmiki taýdan işjeň sebitlerde tebigy we emeli çeşmelerden gelýän seýsmiki signallary awtomatiki ýagdaýda bellige almakdan ybarat bolar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň alymlary häzir ýörite enjamlary ulanyp, niýetlenen ýerlerde zerur gözleg we gözegçilik işlerini geçirýärler diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň metbugaty adatça ýurduň çägindäki we ýanaşyk sebitlerdäki tebigy hadysalar, şol sanda ýer yranmasy barada habar bermeýär.
Şol bir wagtda, seýsmiki taýdan işjeň sebitde ýerleşýän Aşgabatda we onuň töwereginde gurulýan beýik gatly jaýlaryň gurluşygy doly güýjünde dowam etdirilýär.
Mundan başga, ýurduň suw serişdeleriniň uzak ýyllar bisarpa ulanylmagy netijesinde, türkmen paýtagtynda we onuň töwereginde hem ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galandygy, bu ýagdaýyň gurulýan binalaryň ygtybarlylygyny gowşadýandygy habar berilýär.