Hudožnik we syýasy tussag Ales Puşkin türmede ýogaldy
57 ýaşly hudožnik “döwlet nyşanlaryny masgaralamak” we “sosial duşmançylyga ýa-da dawa-jenjele meçew bermek” aýyplamalarynda aýyplanyp, 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.
Ol 1999-njy ýylda, “Prezident üçin ders” diýip atlandyran iň meşhur işinde Minskde, prezident binasynyň öňüne bir araba ders getirip dökdi.
Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Puşkiniň ölümine reaksiýa bildirip, “adamlar türmelerde ölmeli däl” diýdi we Puşkiniň işlerine “Belarus halkynyň örboýuna galan ruhunyň synmaz beýany” hökmünde ýokary baha berdi.