ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistana saparyny tamamlady
ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro düýn Türkmenistana eden saparyny tamamlady diýip, guramanyň web sahypasy 11-nji iýulda habar berdi.
Saparynyň dowamyndaTürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, türkmen parlamentiniň başlygy Dünyägözel Gulmanowa, Telewideniýe, Radio ýaýlymlary we Kinematografiýa boýunça döwlet komitetiniň başlygy Arslan Aşyrow we adam hukuklary boýunça wekil Ýazdursun Gurbannazarowa dagy bilen duşuşyk geçirdi.
Ribeýro kärdeşleri bilen ýurtdaky metbugat azatlygynyň bir topar kynçlygyny ara alyp maslahatlaşdy. Ol ýurtda maglumat elýeterliliginiň çäklendirilmegi bilen birlikde, maglumatlaryň onlaýn we offlaýn erkinliginiň çäklendirilmelerine aýratyn ünsi çekdi. Ol häkimiýetleri söz azatlygy we metbugat azatlygy babatynda ÝHHG-nyň degişli borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
"Şu günki günde özara garaşly dünýäde metbugat azatlygy diňe onlaýn maglumat ekosistemasyna bolan elýeterliligi deň üpjün etmek arkaly gazanylýar" diýip, Ribeýro aýtdy. Ol internet düzümlerine doly we çäklendirilmedik elýeterliligiň howpsuz we demokratik jemgyýetiň aýrylmaz zerurlygy bolan media plýuralizminiň möhüm bölegini emele getirýändigini nygtady.
Pikir alyşmalaryň dowamynda metbugat kanunçylygyndaky kynçylyklar, garaşsyz jemgyýetçilik hyzmatlaryny hödürleýän habar serişdeleriniň möhüm orny, Türkmenistanda žurnalistleriň howpsuzlygy bilen baglanyşykly anyk aladalar we metbugat işgärleri üçin zerur bolan howpsuz gurşawy pugtalandyrmak babatynda Metbugat azatlygy wekili bilen häkimiýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahat edildi diýip, habarda aýdylýar.