Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy täzelendi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) üçünji gün geçiren nobatdan daşary maslahatynda guramanyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine Nökerguly Atagulyýew saýlandy diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, habarda aýdylmagyna görä, bu günki gün ýurduň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär.
Bu gurama uzak ýyllar, 2020-nji ýylyň başynda wezipesinden boşadylýança, il içinde "prezidentiň gapjygy" diýlip tanalýan Aleksandr Dadaýew ýolbaşçylyk etdi.
Täze başlyk Nökerguly Atagulyýew habarda tejribeli döwlet işgäri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Ol 2007-2010-njy ýyllarda söwda ministri, 2010-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň BAE we Täjigistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, 2012-2013-nji ýyllarda bolsa Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işläpdir.
Habarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ozalky başlygy Döwran Hudaýberdiýew barada hiç zat aýdylmaýar.
Synçylar TSTB-niň monopoliýasynyň ýurtda orta we kiçi telekeçiligiň ösmegine uly böwet basýandygyny aýdýarlar.