Prezident Türkmenistanyň Gahrymany diýen at baradaky kanuna üýtgetme girizdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetme girizmek baradaky kanuna gol çekdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen baglylykda, mundan beýläk ‘medal” sözüne derek “nyşan” sözi ulanylar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmek hakynda” kabul eden kanunynyň 1-nji maddasyndaky “altyn medaly” diýen sözler “altyn nyşany” diýen sözlere çalşyryldy.
Şeýle-de, 1999-njy ýylda “Altyn Aý” medalynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda kabul edilen kanundaky “medalynyň” diýen söz “nyşanynyň” diýen söz bilen çalşyryldy, “Altyn Aý” medalynyň ýazgysyndaky “medalynyň”, “medaly”, “Medalyň” we “Medal” diýen sözler degişlilikde “nyşanynyň”, “nyşany”, “Nyşanyň” we “Nyşan” diýen sözler bilen çalşyryldy.