World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda turan güýçli ýel şäheriň suw we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine zeper ýetirdi

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde dowam edýän aşa yssy howanyň fonunda, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda 13-nji iýulda gijöýlän turan güýçli ýel ilatyň suw we elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde bökdençlige ýol açdy.


Gijöýländen agşamara çenli, iki-iki ýarym sagat töweregi dowam eden üpjünçilik arakesmesi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýsyzlyk getirdi. Emele gelen ýagdaý elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýaly durmuş hyzmatlary boýunça gyssagly abatlaýyş toparlaryny transformatorlary bejermek, üzülen elektrik simlerini çatmak ýaly işlere başagaý etdi. Ýöne, barybir, Türkmenabatda 14-nji iýula geçilen gije ýene tok öçdi we süýji uka çümen şäher ilaty irden sagat 6:00-a çenli toksuz we çyrasyz galdy.


Ýerli ýaşaýjylar esasan köne transformatorlar bilen tok paýlanýan şäherde adatdan daşary howa hadysalary ýüze çykan halatynda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilýändigini aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy öten agşam Türkmenabat ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz galan durmuş kynçylyklary barada beren habarynda şäher ilatynyň bölekleýin garaňkyda galandygyny habar berýär.




“Türkmenabadyň ýarty böleginde tok öçdi. Munuň yz ýany, suw nasoslary toksuz galansoň, suw kesildi. Türkmenabadyň köp bölegi iki sagat töweregi toksuz galdy. Soňra, tok bölekleýin berlip başlandy. Iki-iki ýarym sagat töweregi soň bolsa, suw üpjünçiligi dikeldildi” diýip, şäheriň durmuş üpjünçilik hyzmatlaryndan habarly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Bellemeli ýeri, suw we elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki problema sebitde aşa yssy howa höküm sürýän mahaly gijöýlän turan güýçli ýeliň yz ýanyna gabat geldi.


11-nji iýulda howanyň temperaturasy Türkmenabatda kölegede 45 gradusa ýetdi, munuň yz ýany, 12-nji iýulda günorta-gündogar sebitlerde, Mary welaýatynda howanyň temperaturasy kölegede 45 gradusdan aşdy.


Biraz öň, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy üstümizdäki hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasynyň ýurduň dürli sebitlerinde 44 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny habar beripdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary 11-nji iýulda Lebapda höküm sürýän aşa yssy howa garamazdan, edara-kärhanalaryň işgärleriniň köçelerde arassaçylyk işlerine çekilýändiklerini habar berdi. Munuň yz ýany, Mary welaýatynda ýerli häkimiýetler ýol gurluşyk edarasynyň we Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň gündelik iş sagadyny 12-15-nji iýul aralygynda üç sagada düşürýändiklerini yglan etdiler.


Lebap welaýatyndaky habarçymyz Türkmenabatda 13-nji iýulda 18:30 töwereginde güýçli şemal öwsende termometrleriň howanyň temperaturasyny 40 gradus görkezendigini habar berýär.




“15 minut töweregi güýçli şemal öwüsdi. Petiş howa dowam edýän mahaly turan güýçli ýel howanyň gyzgyn howruny güýçlendirdi. Ýalynly howada güýçli tozan hem turdy” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Howa maglumatlaryny çap edýän çeşmeler Türkmenabatda 13-nji iýula geçilen gije demirgazykdan tizligi sagatda sekiz kilometre  çenli ýeten şemalyň penşenbe güni gijöýlän sagat 18:00-dan soň sagatda 15 kilometre çenli ýokarlanandygyny görkezýär.


Gündogar welaýatyň sebit merkeziniň ýaşaýjylary şäheriň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik ulgamlarynyň Sowet ýyllaryndan bäri täzelenmeýändigini, köne elektrik sütünleriniň we emel bilen sepleşdirilen simleriň adatdan daşary howa hadysalary ýüze çykan halatynda hatardan çykýandygyny aýdýarlar.


“Sowet döwrüniň zawodlarynda öndürilen transformatorlardan peýdalanylýar. Ýel tursa, dessine elektrik sütünlerinden sallanyp duran simler biri-birine çolaşyp, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesilýär” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy aýdýar.


Ondan ozal, şähere aralaşan jokrama yssy we petiş howada hojalyklarda elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlara agram düşdi, gara ýollarda asfaltlaryň erän halatlary hasaba alyndy.


Türkmenabatda dowam edýän aşa yssy howanyň fonunda turan güýçli ýeliň yz ýany, ýerli ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň üpjünçiligi boýunça gyssagly abatlaýyş toparlarynyň şäheriň dürli sebitlerinde gijesi bilen elektrik sütünlerinde üzülen simleri gaýtadan seplemek işleri bilen meşgul bolandyklaryny aýdýarlar.


Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar Türkmenabatdaky elektrik üpjünçiligi infrastrukturalarynyň ep-esli böleginiň üç ýyl töweregi mundan ozal 2020-nji ýylyň aprelinde ýurduň gündogar we günorta-gündogar sebitlerinde turan we adam ýitgilerine getiren güýçli harasatda hatardan çykandygyny, şondan bäri köp sanly näsazlyklaryň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.




Türkmenistanda soňky ýyllarda, howanyň üýtgemegi bilen bagly gozgalýan global aladalaryň arasynda, adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda gyş paslynda howanyň aşa sowamagy, tomus paslynda aşa gyzmagy, gurakçylyk, tozanly şemal öwüsmegi, güýçli ýel turmagy, ygalyň az bolmagy ýa-da wagtal-wagtal ýyllyk ýagyş mukdarynyň birden köpelip, suw joşmalaryna ýol açmagy ýaly adatdan daşary howa hadysalary has köp hasaba alynýar.


Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 75-nji maddasy ýylyň aşa yssy ýa-da sowuk wagtynda arakesmeleriň yglan edilmegini ýa-da işiň bes edilmeginiň yglan edilmegini talap edýär. Işgärlere arakesme berilýän ýa-da işiň wagtlaýyn arasy kesilip, bes edilip bilinjek howanyň temperatura düzgüni Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanda Ministrler kabinetiniň kabul edýän düzgünnamalary maglumat serişdeleri arkaly köpçülige ýetirilmeýär.


Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 13-nji iýulda gijöýlän turan güýçli ýeliň yz ýany, elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençligiň döremegi bilen, sebitdäki käbir iri kärhanalaryň, önüm öndürýän zawodlaryň öz işini wagtlaýyn bes edendigini habar berýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Карпин эмоционально отреагировал на решение ЭСК по игре с «Краснодаром»

За полгода негосударственные пенсионные фонды выплатили россиянам 77 млрд рублей

Арендные ставки в Москве поставили новый рекорд

В Туле состоялась торжественная церемония открытия финального этапа Всероссийской спартакиады Следственного комитета Российской Федерации

Музыкальные новости

Бах vs. Моцарт. Орган vs Рояль

АО “Желдорреммаш” реализует проекты по развитию кадрового резерва компании

Агент Сафонов: Дзюба в «Акроне» может так стрельнуть, что все офигеют!

Жители Новосибирска пожаловались Бастрыкину на затянувшийся ремонт в школах

Новости России

Подросток в Москве съел головку чеснока и попал в реанимацию

Полиция раскрыла обстоятельства исчезновения двух пенсионеров в пригороде Геленджика

Завершены обыски у Бакальчука в рамках дела о стрельбе

Другое ощущение: почему Нюша сменила имидж после развода

Экология в России и мире

Чистота — залог здоровья

Золото, гранат и жемчуг: стилист «585*ЗОЛОТОЙ» составила топ ювелирных трендов осени 2024

Свыше трёх тысяч зависимых в Свердловской области уже приняли решение избавиться от смертельной привычки

8 и 9 октября в Петербурге выступит Большой симфонический оркестр имени П.И. Чайковского

Спорт в России и мире

Евгений Кафельников считает, что российский теннис деградирует

Марии Шараповой завидуют все русские женщины. И вот почему

Теннисистка Потапова: считаю Квинси Промеса одной из легенд «Спартака»

Хромачёва и Данилина выиграли турнир WTA в Гвадалахаре в парном разряде

Moscow.media

Между Екатеринбургом и Омском начнут курсировать "Финисты" – через Тюмень

«Аэродиск» реализовал поддержку группового управления ресурсами для эффективного выделения емкости СХД

Десятки котельных Челябинской области не готовы к зиме

Ирина Дубцова запустила амбициозный проект для российских семей







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *