Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bazarlarda miwe we gök önüm köpeldi, çörek ýetmezçilik edýär

Aşgabadyň bazarlarynda gök önüm we miwe ýaly azyk önümleri köpeldi we bahalar birneme arzanlady. Bu aralykda, döwlet dükanlarynda ullakan nobatlar saklanýar, adamlar uly kynçylyk bilen çörek satyn almaga synanyşýarlar.

Aşgabatdaky habarçylar bazarlarda miweleriň we gök önümleriň has arzan bahadan peýda bolmagynyň paýtagtyň ýaşaýjylaryny begendirendigini aýdýarlar. Uzak wagt bäri ýetmezçilik edýän azyk önümleriniň käbir beýleki görnüşleri hem satuwda peýda bolupdyr.

"Bol miweler Eýrandan gelýär. Russiýa Federasiýasyndan gelýän önüm hem köp. Dükanlaryň hemmesinde, şol sanda täjirçilik dükanlarynda, öň paý hökmünde satylan import edilýän towuk budlary bar. 21 manada ýerli towuklar hem bar, daşary ýurtlylary hem bar, has gymmat. Ýumurtga hemme ýerde köp, 30 sanysy 22-den 28 manata çenli satylýar. Adamlar indi ätiýaçlyk üçin hem satyn aljak bolmaýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 14-nji iýulda aýtdy.

Paýtagtyň bazarlarynda käbir et önümleriniň bahasy hem biraz arzanlapdyr.

"Teke bazarynda köp talap edilýän we garyplar üçin elýeterli towuk ýürekleri, böwrekleri, dalaklary, towuk aýagynyň iň aşaky bölekleri, ganatlary köp" diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, köp dükanlarda süýji, konserwirlenen iýmitleriň dürli görnüşleri ýaramlylyk möhleti gutarmasa-da arzanladylan bahalardan satuwda peýda bolupdyr. Geçen hepdäniň dowamynda köp dükanlarda we bazarlarda ýönekeý ösümlik ýagynyň bahasy hem biraz arzanlapdyr.

Bu aralykda, çörek iň talap edilýän we islenilýän azyk önümi bolmagynda galýar.

Aşgabadyň söwda nokatlarynda bir çörek 4-5 manata satylýar. Döwlet dükanlarynda şol bir çörek 1 manada durýar. Döwlet dükanlarynda bu subsidirlenen bahadan çörek adam başyna üçden köp satylmaýar. Bu buhanka çöregi ullakan nobatlarda durup satyn almaly bolýar. Nobatlar ir säherde başlanýar, emma çörek satylyp başlansoň, bir sagadyň içinde gutarýar.

Habarçynyň belleýşi ýaly, bu çöregiň hili gaty pes.

"Çörek günüň ertesi ýaramsyz bolýar, sebäbi ol zaýalanan undan bişirilýär. Döwlet çöregini satyn almak üçin adamlar irden 5-den 6-a çenli gykylyk edýärler" - diýip habarçy aýdýar.

Habarçynyň sözlerine görä, paýtagtda çörek ýetmezçiligi soňky bir hepdäniň içinde hasam erbetleşipdir. Örän az getirilýär, käbir dükanlar asla eltilmeýär. Munuň sebäpleriniň biriniň çörek bişirýän kärhanalaryň diňe biriniň işlmegi bilen baglydygyny habarçy aýdýar.

Azatlyk Radiosy çörek ýetmezçiligiň sebäbini resmi çeşmelerden anyklap bilmedi. Ýurduň häkimiýetleri çörek ýetmezçiliginiň sebäbini düşündirmeýärler.

Azatlyk bilen gürleşen ýurt içindäki habarly bilermenler bolsa, unuň we çöregiň yzygiderli ýüze çykýan ýetmezçiligini Türkmenistanda öndürilýän bugdaýyň hasylynyň pesdigi bilen baglanyşdyrýarlar we hökümetiň her ýylda ýurtda 1 million 400 müň tonna bugdaý ösdürilip ýetişdirilýändigini öňe sürýändigine garamazdan, ýurduň özüni üpjün edip bilmeýändigini belleýärler. Türkmenistan bugdaýy Russiýadan we Gazagystandan satyn alýar.

Türkmen häkimiýetleri importyň mukdary barada resmi maglumat bermeýär.

Bu aralykda, Gazagystan barada işewürlik we ykdysadyýet maglumatlaryny çap edýän “LS” neşirine görä, Gazagystan Türkmenistana eksport edýän bugdaý we galla önümleriniň göwrümini azaldypdyr. 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistana satylan gallanyň mukdary 38.4 göterim, unuň mukdary 63 göterim azalypdyr.

Türkmenistanda häzirki çörek ýetmezçiligi iýun aýynda güýçlendi. Uzaga çeken un we çörek ýetmezçiligi bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Käwagt krizis güýçlenýär. 2021-nji ýylyň güýzünde ýurtda un ýetmezçiligi zerarly birbada onlarça çörek bişirýän kärhana ýapyldy, adamlar pes hilli çöregi satyn almak üçin gijelerine nobata durmaly boldy.

Ýurduň häkimiýetleri ilaty azyk bilen kadaly üpjün etmek meselesini çözmegiň ýerine köplenç bu meselä ünsi çekjek bolýan raýatlara garşy repressiýalary ulanýarlar. Türkmenistanyň häkimiýetleri subsidirlenen unuň bikanun satylmagyna garşy göreşiň bir bölegi hökmünde bazarlarda çörek satýan raýatlara garşy çäre görýär, öýde çörek bişirýän adamlary yzarlaýar. Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynda kanun goraýjy edaralar çörek satýan aýallary saklap, olary uny nireden we kimden satyn alandyklaryny anyklamak üçin soraga çekdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Москвичка оставила ребенка с ДЦП одного на пять дней, сейчас он в больнице

Благодаря поддержке Москвы производители увеличат объемы выпуска товаров

Визит Владимира Путина в Китай – важный шаг на пути к формированию нового мирового порядка

Сквер с обелиском благоустроили в деревне Жуковка

Музыкальные новости

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

На заводах АО "Желдорреммаш" внедряется автоматизированная система по рекламационно-претензионной работе “Астрея”

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

Аналитики оценили изменение высоты новостроек в городах России за 5 лет

Новости России

«Мособлэнерго» подключило к электросетям 7 школ с начала года

Визит Владимира Путина в Китай – важный шаг на пути к формированию нового мирового порядка

Всероссийская акция «Ночь музеев» пройдет в Ленинском округе 18 мая

На Красной площади в День славянской письменности и культуры пройдет масштабный концерт

Экология в России и мире

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Moscow.media

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *