Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan zähmet haklaryny ýene 10% köpeldýär, öňki prezidentiň soragy jogapsyz galýar

Türkmenistanyň prezidenti indiki ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak baradaky karara gol çekdi.


Türkmenistanda her ýylyň iýulynda gelýän ýylyň başyndan zähmet haklaryny 10% ýokarlandyrmak baradaky karara gol çekilýär.


Prezidentiň kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 2070 manat; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 605 manat bolar.


Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat; iň pes aýlyk zähmet haky 1280 manat möçberinde belleniler.


Bu kararyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilýändigi aýdylýar.


Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabrynda birden ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl diňe 10% köpeldilmegini sorag astyna aldy.


“Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?” diýen sowallar ýüze çykýar diýip, Halk maslahatynyň başlygy ýurtda adamlar hakynda alada etmek üçin ähli mümkinçiligiň bardygyny öňe sürdi.


Ýerli synçylar we Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň we durmuş taýdan goraglylygynyň ýyl-ýyldan peselýändigini, durmuşyň gymmatlamagy, işsizligiň ösmegi netijesinde daşary ýurtlara işlemäge gitmek isleýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigini aýdýarlar.


Türkmen hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, manadyň hümmetiniň ýyl-ýyldan peselýändigini we işsizligi boýun almaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *