Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ykdysatçy: Problemalar agzalman amal edilýän kadr çalyşmalary netijesiz

Ykdysatçy: Problemalar agzalman amal edilýän kadr çalyşmalary netijesiz

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçiren hökümet mejlisinde birnäçe pudagyň we ministrlikleriň ýolbaşçylaryny çalyşdy. Synçylar dürli pudaklarda bar bolan problemalary agzaman kadr çalşygyny geçirmegiň döwlet dolandyrylyşynda we ýurdy ösdürmekde netijesiz bolandygyny aýdýarlar.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýygnagynda ähli pudaklarda ösüş sanlary getirildi, muňa garamazdan, käbir pudaklaryň ýolbaşçylary, olaryň käbirleri işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, käbirleri bolsa başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Resmi habarlarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň energetika ministri, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Ahal we Mary welaýatlarynyň häkimleri “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlen kesgitleme bilen wezipelerinden boşadyldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, Daşoguz welaýatynyň häkimi, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň häkimleri we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory başga işe geçmegi sebäpli wezipelerinden boşadyldy. Galyberse-de, ýurduň daşary ýurtlardaky käbir wekilhanalaryna täze diplomatlar wezipä bellenildi.

Hökümet mejlisiniň dowamynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýatyrylyp, onuň binýadynda aýrybaşga iki ministrlik – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi.

Giň gerimli kadr çalyşmalary geçirilen nobatdaky hökümet mejlisinden göni bir hepde ozal, 7-nji iýulda hökümet başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow saglyk ýagdaýlary sebäpli wezipesinden çekildi.

Türkmenistanda otuz ýyldan gowrak wagt bäri, ýokary wezipelerde yzygiderli kadr çalyşmalary geçirilýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow 17-nji iýulda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde nobatdaky kadr çalyşmalarynyň ýurduň ilkinji prezidenti Sapamyrat Nyýazow döwründen bäri dowam etdirilýän tejribäniň dowamy bolandygyny we ýokary wezipeli adamlary yzygiderli çalyşmagyň ýurduň kadrlar syýasatyndaky kemçiliklerden habar berýändigini gürrüň berdi.

“Birinjilik bilen, Nyýazow döwrüne salgylansak, Berdimuhamedowlaryň [kadr syýasaty] Nyýazowyň syýasatynyň, kadr syýasatynyň dowamy bolup durýar. Kadrlary wezipä bellemek, kadrlary çalyşmak, bir hili, oýun ýaly boldy” diýip, ykdysatçy aýtdy.

Merkezi bankyň öňki başlygy ýurdy ösdürmäge gönükdirilen kesgitli kadr syýasatynyň ähmiýetini nygtap, anyk maksatnamalary göz öňünde tutmaýan hem-de kemçilikler agzalmaýan kadr çalyşmalarynyň netije bermeýändigini gürrüň berdi.

“Ýöne bir kadr çalyşanyň bilen, kadrlary wezipä belläniň bilen, syýasat üýtgemeýär. Bu barada syýasat gerek. Nädip ýurdy dolandyrmaly, nädip ýurdy ösdürmeli? Şularyň esasylarynyň biri kadr syýasaty bolmaly” diýip, Orazow aýtdy.

Synçylara görä, Türkmenistanda amal edilýän ýokary derejeli kadr çalyşmalary bilen bagly tejribeler bir ýurduň “kadr syýasatynyň nähili bolmalydygy barada” däl-de, esasan “ýurduň kadr syýasatynyň nähili bolmaly däldigi” barada sapak berýär.

“[Döwlet baştutanlarynyň] özleri bilýändir-dä, näme sebäpden bir adamy wezipeden aýryp, beýleki adamy wezipä belleýändiklerini. Ýöne, alty aýdan, ýa-da ýedi aýdan olary aýryp, başga birlerini wezipe belleýärler. Ol kadr syýasaty bolmaýar” diýip, ykdysatçy aýtdy.

Resmi habarlardan görnüşine görä, Türkmenistanda geçirilen soňky kadr çalyşmalarynda ýokary wezipeli emeldarlaryň esasan “işde goýberen kemçiliklerine” salgylanyldy, ýöne işde goýberilendigi aýdylýan kemçilikler jikme-jik aýdyňlaşdyrylmady.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmen ykdysatçysy çözgüde gönükdirilýän kadr çalyşmalary amala aşyrylanda ýurtda bar bolan problemalaryň takyk aýdylmalydygyny we täze wezipä bellenen emeldarlaryň haýsy ukyp-başarnyklarynyň we hünär tejribesiniň degişli problemalaryň hötdesinden gelmäge ýardam berjekdiginiň açyk mälim edilmelidigini belledi.

“Eger-de bar bolan problemalar çözüljek bolsa, şol problemalar barada aýtmaly. ‘Hakykatdan-da, bizde, ýurtda şular ýaly problemalar bar’ diýip, aýtmaly. Ikinjiden, şol problemalar düzgün boýunça, ylym esasynda şeýdip çözülýär diýmeli. Üçünjiden, şol ýagdaýda, kemçilikleriň ýüze çykmagynda, işleriň nädogry ýerine ýetirilmeginde kadr meselesi hem bir orun tutýar diýmeli” diýip, ykdysatçy aýtdy.

Ýurtda ýokary wezipeli oba hojalyk emeldarynyň 7-nji iýulda saglyk ýagdaýlary sebäpli wezipesinden çekilmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan kärendeçiler kadr çalyşmalarynyň netije bermeýändigini gürrüň berdiler.

“Täze bellenýän häkimleriň, wise-premýerleriň ählisi bir mafiýa. Olar öz ýerlerini satyn alýarlar. Wezipe satyn almak üçin tanşyň bolmaly. Edil şu günki günde şu düzülen zynjyr üzülmese, täze goýlan ýolbaşçylar hiç zady düzetmez we olar hem özlerinden öňküler ýaly täzelenip durar” diýip, bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli kärendeçiler ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň korrupsiýa baş goşman, diňe halal ýola eýermekleriniň we halal zähmetiň ösüşlere getirip biljekdigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

“Eger ýokardaky işgärler halallyk bilen işlese, ýurdy ösdürmegiň ugrunda ylgap başlasa, olar aşakdaky işgärlerden hem dogry ýoldan ýöremegi talap edip bilerler” diýip, kärendeçi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

На телефонных и кибермошенников можно пожаловаться в полицию Подмосковья

Товарооборот РФ и США вырос в марте в 1,5 раза, превысив $470 млн

По делу генерала МО Кузнецова проведены обыски сразу по нескольким адресам

Три человека пострадали в ДТП на юго-западе Москвы

Музыкальные новости

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Новости России

На телефонных и кибермошенников можно пожаловаться в полицию Подмосковья

Три человека пострадали в ДТП на юго-западе Москвы

Товарооборот РФ и США вырос в марте в 1,5 раза, превысив $470 млн

Зачистки не будет: Хазин объяснил, как Путин обновит элиту

Экология в России и мире

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

10 полезных продуктов для сердца

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *