Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýe bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirdi. Alty türkmenistanly saklandy, başga-da ençemesi deport edildi

Türkiýe bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirdi. Alty türkmenistanly saklandy, başga-da ençemesi deport edildi

Türkiýe ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy görýän çärelerini güýçlendirdi. Soňky hepdelerde türk polisiýasy ýurduň dürli sebitlerindäki edara-kärhanalara giň gerimli reýdleri geçirip, bikanun migrantlaryň müňlerçesini saklady. Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede azyndan alty türkmen raýaty saklandy, başga-da ençemesi deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler.

“Ahaber” kanalynyň 16-njy iýuldaky habaryna görä, soňky bir aýyň dowamynda türk polisiýasy Türkiýede bikanun bolýan migrantlary gözlemek boýunça geçirýän reýdleriniň sanyny artdyrdy. Bu reýdlerde esasan Türkiýäniň Stambul şäheri we syýahatçylyk sebitleri nyşana alynýar.

“Soňky iki günüň dowamynda geçirilen reýdlerde ýurtda bikanun ýaşaýan 18 sany migrant saklandy. Soňky bir aýyň dowamynda bolsa, 15 müňden gowrak bikanun migrant tutuldy we 6 müňden gowragy deport edildi. Galan 9 müň çemesi bikanun migranty hem deport etmek boýunça resmi proseduralar dowam edýär” diýip, habarda aýdylýar.

Bu çäreler, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň bikanun migrantlar bilen bagly meselede ep-esli üýtgeşmeleriň boljakdygyny we muny türk raýatlarynyň tiz wagtda görjekdigini aýdan mahalyna gabat geldi. Ol bu barada NATO agza ýurtlaryň liderleriniň geçen hepde Litwanyň paýtgaty Wilniusda geçirilen sammitinden gaýdyp gelensoň eden çykyşynda aýtdy.

Stambulda bikanun işleýän türkmenistanlylaryň dördüsiniň aýry-aýrylykda Azatlyga gürrüň bermegine görä, soňky hepdelerde geçirilýän reýdlerde azyndan alty türkmen raýaty saklandy we olar Stambulyň Tuzla sebitindäki deportasiýa merkezine ýerleşdirildi.

Olaryň sözlerine görä, türkmenistanlylar aýrybaşga ýerlerde we aýrybaşga günlerde tutuldy. Olaryň biri dokuz gün öň, galan üçüsi soňky bir hepdäniň dowamynda saklandy.

“Häzir türk resmileri ‘işlemler’ dowam edýär diýýärler. Soňra deportasiýa ediljekdigi aýdylýar” diýip, türkmenistanly migrant anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu barada Tuzladaky deportasiýa merkezi bilen habarlaşdy. 17-nji iýulda telefona jogap beren türk resmisi bu ýagdaýlar barada diňe degişli raýatlaryň aklawçylaryna ýa-da resmi hossarlaryna maglumat berip bilýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Türkiýeden deportasiýa edilýän türkmen migrantlary Türkmenistana dolanyp başladylar. Habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, soňky bir hepdäniň dowamynda deportasiýa edilip, watanyna dolanan raýatlaryň sany göz-görtele köpeldi.

“Deportasiýa edilenleriň we biz bilen bir uçarda gelenleriň köpüsi Stambulda saklandy. Şeýle-de, Stambulyň migrasiýa edarasynda başga-da türkmen raýatlary köp. Olara-da ýakyn wagtda Türkmenistana deportasiýa ediljekdigi aýdylypdyr” diýip, geçen hepde Türkmenistana dolanan türkmen raýaty gürrüň berdi.

Türkmenistana dolanan raýatlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, mundan ozal türk polisiýasy köçelerde bikanun migrantlary gözleýärdi. Ýöne soňky hepdelerde olar edara-kärhanalara, zawoddyr fabriklere reýd geçirip, migrant işçileriň resminamalaryny barlaýarlar.

“Soňky hepdelerde bu reýdleriň gerimi juda güýçlenipdi. Galyberse-de, soňky aýlarda türk häkimiýetleri daşary ýurtlulara, şol sanda türkmenistanlylara işlemäge ygtyýarnamany bermegi juda kynlaşdyrdy. Olar tas bermeýärdiler diýsek hem bolar. Türkmenistandan baranlaryň aglabasy ilkibada alan üç aýlyk ýa-da bir ýyllyk wizasy gutaransoň, bikanun işleýärler” diýip, türkmen raýaty aýtdy.

Bu aralykda, Türkiýäniň bikanun migrantlara garşy göreşi güýçlendirendigi barada geçen hepde garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” hem habar berdi.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 13-nji iýulda çap eden täze sanlaryna görä, 209 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, bu görkeziji 15-nji iýunda 213 müňe golaýdy. Bu sanlar, soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda, Türkiýede kanuny esasda ýaşamaga ygtyýarnama alan türkmenistanlylaryň sanynyň 4 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.

Şol bir wagtda, hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň türk häkimiýetleriniň berýän sanyndan ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda maglumat bermeýärler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Более 28 тысяч семей получили выплаты к юбилею свадьбы в Подмосковье

Площадку под строительство жилья по программе реновации освободили в Люблине

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

В Москве доля ипотеки на рынке новостроек упала с 84% до 69%

Музыкальные новости

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Центральная Азия под лупой. Эксперты обсудят миграционные проблемы

Новости России

Молодая семья из Зарайска приобрела 2-комнатную квартиру по программе «Жилище»

В Твери состоится открытие выставки художественной фотографии «Городские истории»

Инженер из Химок получил новое жилье по льготной программе

Постыдные факты о Ельцине, что обычно не афишируются

Экология в России и мире

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Moscow.media

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *