Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Ynanyp-ynanmazlyk' ýönekeý adamlary gyzyklandyrmaýar-syýasaty öwreniji ilat ýazuwynyň netijeleri barada

'Ynanyp-ynanmazlyk' ýönekeý adamlary gyzyklandyrmaýar-syýasaty öwreniji ilat ýazuwynyň netijeleri barada

Türkmen syýasy alymy Serdar Aýtakow, 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleriniň yglan edilmegi barada Azatlyk Radiosyna beren teswirinde bu türkmen häkimiýetleriniň gözboýagçylyk etmekde nobatdaky bir derejä çykandygyny görkezýär diýýär. Syýasy bilermeniň pikirini dykgatyňyza ýetirýäris.

"Ýalan-uly ýalan-statistika" diýen düşünjede türkmen häkimiýetleri ähli tapgyrdan geçdiler we ötdüler.

Büzmeýndäki partlamalarda pida bolanlar barada ýalan, ýurtda COVID-19-yň ýoklugy (we pandemiýanyň pidalary) barada ýalan, indi bolsa umumy ilat ýazuwyna degişli statistika - oňa görä, Türkmenistanyň ilatynyň sany ýedi million adamdan geçipdir.

Hemişelik ýalanlar hem bar - mysal üçin, manadyň "durnukly walýuta hümmeti" barada, ýurtda her kim dollaryň hakyky nyrhynyň 19,3 manatdygyny bilse-de, dollar 3,5 manat diýilýär. Häkimiýetleriň abadan we bol-elin durmuş baradaky ýalan sözlemesi, köpden bäri geň galdyrmaýar, gahar hem döretmeýär. Näme diýjek, hatda Bütindünýa Banky, Halkara Walýuta Gaznasy ýaly halkara gurluşlar, Türkmenistan baradaky maglumatlary statistika sanawyndan ýöne aýyrýan bolsalar, bu şol sanlara ynanmazlygy we Türkmenistanyň häkimiýetlerine ynamsylygy aňladýar.  

“Halkaraçylar” indi türkmen häkimiýetlerine ynanarmy? Gaty gümana.

Ilat ýazuwyndan soň dessine, türkmen häkimiýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika Ofisiniň Demografik statistika müdirliginiň ýolbaşçylarynyň wekillerine ilat ýazuwynyň netijelerini mundan beýläk neşir etmek barada hünärmenleriň tekliplerini halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýykykda öwrenmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Türkmen býurokratiýasynyň öz dilinde bu "soň, belki-de, ähtimal", ýagny "hiç haçan" diýmegi aňladýar.

2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynda hem şeýle boldy. Onuň netijeleri doly gizlin edildi. Ýogsa, BMG-nyň Ilat gaznasy 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň guramaçylygyny we geçirilişini doly öz üstüne alypdy, ýolbaşçylar we adaty hasaplaýjylar üçin ýöriteleşdirilen okuw guraldy, güýçli serwerlerden we programma üpjünçiliginden başlap, aýratyn planşetlere çenli serişdeler üpjün edildi, şolaryň ulanylmagynda ilat ýazuwy geçirildi.

Döwlet statistika komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedowyň 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijeleri barada aýdanyndan soň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň web sahypasy elýeterli bolmady, bu zatlar biri-birine geňlik bilen gabat geldi.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň özleri tarapyndan gytaklaýyn aýdylan käbir maglumatlar hakykatda ilatyň köpelmeýändigini görkezdi, käbir ýyllarda şeýle maglumatlar ilatyň azalmagyndan habar berdi - mekdebi gutaranlaryň sany 80 müň töwereginde bolup, peseliş tendensiýasyny görkezdi(deňeşdirmek üçin 2009-njy ýylda türkmen mekdeplerini 115 000 okuwçy gutarypdy).

Harby gulluga köpçülikleýin mejbury çagyryş, mekdebi gutaranlara hatda soňky synaglardan geçmäge rugsat berilmezligi, bularyň hemmesi harby gullukda esger ýetmezçiligini görkezýär. Şeýle alamatlar diýseň köp. Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylyň ortalaryna 200 müňe golaý adam Türkiýede ýaşamak üçin rugsat alypdyr. Kowid karantin wagtyny hasaba almazdan, soňky 8-10 ýyl bäri köpçülikleýin göçe-göçlük esasan şol ýurda boldy. Türkiýede pasportlarynyň möhleti geçen näçe bikanun migrant bar? Şeýle-de şol ýerde okanlar eýýäm iş tapdylar we gaýdyp geljek bolmaýarlar.  

Häkimiýetleriň ilat ýazuwy we ýurtdaky ilat sany baradaky maglumatlaryna ynanmak ýa-da ynanmazlyk baradaky soraga jogap ýok. Näme üçin? Statistika degişli bu manipulýasiýa ýönekeý adamlara gönüden-göni degmeýär, olara ynam hem ýok, şonuň üçin kän bir täsir ýetirmeýär - halk köpçüligi içgin immigrasiýada bolýarlar, ýagny häkimiýetleriň şatlyk-şagalaňly ideologiki propagandasyndan doly daşlaşýarlar, goý ol häkimiýetleriň bagtly gelejek ýa-da gahrymançylykly geçmiş hakdaky wagyzyna degişli bolsun.

Emma häkimiýetleriň bu sanlar bilen näme etjekdigi açyk sorag bolmagyna galýar. Indi ähli planlaşdyryş bu statistika esaslanmaly bolar - pensiýa, aýlyk, sosial ýeňillikler, lukmançylyk we bilim çykdajylary, daşary ýurtlardan azyk satyn almak we ýerli önümçilik, halkara jemgyýetçiliginiň öňündäki borçnamalar boýunça hasabatlar hut şu maglumatlaryň esasynda kesgitlenmelidir. Olar bir-iki gezek türkmen häkimiýetleriniň statistikasyna ynanmakdan ýüz öwrüpdi, sebäbi her kim bu maglumatlaryň Türkmenistanyň ýokardaky ýolbaşçylarynyň bolgusyz şöhratparazlygynyň peýdasyna syýasy taýdan galplaşdyrylandygyna düşünýär. Prezidentleriň pikiriçe, bagt, durnuklylyk, saglyk, abadançylyk döwürlerinde halk köpelmeli. Adamlaryň ýurtdan köpçülikleýin çykyp gitmegi bolsa, göräýmäge bagtdan we abadançylykdan bolaýmasa - olar dünýäni görmek we özlerini görkezmek isleýän bolmaly, şol sanda Türkiýäniň gurluşyk meýdançalarynda we naharhanalarynda. 

Serdar Aýtakow, türkmen syýasy bilermeni.

Azatlygyň belligi: Bu teswirde öňe sürlen pikirler awtoryň garaýşy bolup, Azatlyk Radiosynyň pikirlerini aňlatmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Второй приговор вынесли экс-главе Анабарского района

«Financial Times», Великобритания: Поездка Путина в Китай покажет, что американские угрозы — лишь самообольщение

Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

Названы популярные у россиян направления для путешествий

Музыкальные новости

Валюта вышла из моды // Снижение волатильности и санкции сдерживают спрос

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

В филиалах АО «Желдорреммаш» прошли памятные мероприятия к 9 Мая

Новости России

«Замечаний немало»: Дмитрий Анисимов проверил парковки у ТЦ в трёх районах Кемерова

В квартирах, домах и офисах генерала Кузнецова были проведены обыски

Второй приговор вынесли экс-главе Анабарского района

Названы популярные у россиян направления для путешествий

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Moscow.media

"Помогу оформить детские пособия". Почему имя Мухаммад бьёт рекорды в ХМАО

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *