Astrahanda gapma-garşylykly rus hökümdary Iwan Groznynyň heýkeli açyldy
Bu heýkeli dikmek pikiri weteran guramalaryň utgaşdyryş geňeşi tarapyndan bir ýyldan gowrak ozal öňe sürüldi. Emma bu ideýa taryhda zalymlygy bilen yz galdyran hökümdaryň dolandyryşyna terrorçylyk hökmünde garaýan ýerli ýaşaýjylaryň resmileriň arasynda nägilelik döretdi.
Gazaply lakamy bilen tanalan Iwan Grozny häzir Russiýanyň bir bölegine öwrülen Astrahan hanlygyny 1556-njy ýylda, Kazan hanlygyny basyp alanyndan dört ýyl soň basyp aldy.