Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan Özbegistandan bäş aýda 649 tonna alma import etdi

Importyň ornuny tutýan, eksport edilýän önümleri köp öndürmek baradaky tagallalaryna garamazdan, Türkmenistan daşary ýurtlardan miwe önümlerini import etmegini dowam etdirýär.


Hökümetçi neşiriň Özbegistanyň resmi maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Özbegistandan 649 tonna alma import etdi.


Habarda bellenmegine görä, Özbegistan 2023-nji ýylyň bäş aýynda umumy bahasy 1,8 million amerikan dollaryna deň bolan 4,4 müň tonna almany daşarky bazarlara ugradypdyr.


Türkmenistan ýurdy bag-bossanlyga öwürmek programmasynyň çäginde ýylda millionlarça düýp agaç nahalynyň, şol sanda miweli baglaryň ekilýändigini aýdýar. Emma, goňşy Özbegistandan tapawutlylykda, bu işiň kemçilikleri, şol sanda artdyryp ýazmalar, idegsiz, suwsuz guradylýan nahallar barada maglumat bermeýär.


Özbegistanyň ekologiýa ministri Aziz Abduhakimow 5-nji iýulda parlament deputatlarynyň öňünde çykyş edip, “Ýaşyl mekan” taslamasynyň çägindäki işleri ýerine ýetirenleriň hakykatda ekilmedik 2 million düýp bag nahalyny artdyryp ýazandygyny we suwaryş mümkinçiligi bolmadyk ýerlerde 7,3 million düýp nahal oturdandygyny aýtdy.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *