Owganystan pes hilli türkmen gazyny ýene yzyna iberdi
Owganystan, Standartlar boýunça milli müdiriýetiň karary esasynda, Türkmenistanyň ýene on tanker suwuklandyrylan tebigy gazyny yzyna iberdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Bakhtar” habar gullugyna salgylanyp habar berýär.
“Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy gury portunda on töweregi gaz ýükli maşyn saklandy we barlandy. Önümleriň hili pes bolansoň, olar Türkmenistana, yzyna iberildi” diýip, Owganystanyň standartlar boýunça milli edarasynyň habarynda aýdylýar.
Şeýle-de, bu edaranyň eýýäm, getirilen önümiň hili pes bolansoň, goňşy ýurtlarda öndürilen pes hilli ýangyçlary getiren awtoulaglaryň ýüzden gowragyny yzyna dolandygy aýdylýar.
Bir hepde mundan öň, hili sebäpli, Owganystanyň Türkmenistandan gelen 17 tankeri yzyna iberendigi habar berildi.
Emma türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara metbugat arkaly hiç bir düşündiriş bermeýär.