Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat ýene tozan astynda galdy

17-nji iýulda giçlik Aşgabat şäherinde ýene ýel turdy we türkmen paýtagty tozan astynda galdy. Soňky döwürlerde ýygy-ýygydan gaýtalanýan we gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly ýel köp adamyň jan saglygyna ýaramaz täsir etdi.


“Tutuş gün, esasanam günüň ikinji ýarymda, howa bulutlydy, asman garaldy we hemmeler ýagşyň ýagmagyna garaşýardy. Parahat 7-de, Gaudanda we 10-njy hem-de 11-nji etrapçalarda tozanly ýel turdy. Beýleki etrapçalarda, şol sanda Parahat 2-de bolsa, ýel turman, diňe tozanly howa boldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 18-nji iýulda aýtdy.


Gije sagat 10-a çenli dowam eden tozanly ýel zerarly raýatlaryň ýakyn aralygy görmek ukyby peseldi. Olar göz ýetimdäki, ýagny özlerine goňşulykda ýerleşýän köp gatly binalary görmekde kynçylyk çekdiler.




Şeýle-de, gum bölejiklerini öz içine alýan tozan raýatlaryň öýüniň içine çenli ýaýrady.


“Öýüň içinde tozanyň ysy bardy, öý goşlaryny we aýnalardaky perdeleri tozan örtdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.


Tozanly ýel köp adamyň jan saglygyna hem ýaramaz täsir etdi. Esasanam ýürek näsazlyklaryndan we beýleki kesellerden ejir çekýän köp adamyň ýüregi bulanyp, ysgyndan gaçdy.


“Düýn köpler üsgürdi we olaryň bokurdagy gijeledi. Bu gün köpler özlerini hassa duýýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.


Türkmen häkimiýetleri duýdansyz turan ýel we paýtagty gurşap alan tozanly howa barada öňünden bildiriş ýa duýduryş etmediler. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem, paýtagtda bolan tozanly howa barada hiç zat aýdylmaýar.


Soňky döwürlerde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly ýel ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Mundan ozal, 14-nji maýda Aşgabatda tozanly ýel hasaba alyndy.


Türkmenistanyň hökümeti soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerinde ýygy-ýygydan hasaba alynýan we adaty ýagdaýa öwrülip barýan adatdan daşary howa hadysalary barada teswir bermeýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *