Türkmenistanda Halk maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi
Bu kararyň ýaşululary döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksadynda ugur alýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda ýaşulular garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan başlap syýasata çekildi we synçylar olaryň döwlet baştutanynyň alyp barýan syýasatyny tassyklatmak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.