Türkmen prezidenti Saud Arabystanyna sapar edýär
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, saud topragynda 19-njy iýulda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibine sebit derejesindäki döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri giriziler.
Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki habar gullugy Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda prezident wezipesine girişeninden soň ilkinji nobatda Saud Arabystanyna sapara gidendigini we şol ýerde umra haj dessurlaryny berjaý edendigini belleýär.