Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebabyň bazarlarynda alyjydan satyjy kän

Döwlet dükanlarynda çörek-unuň üstündäki basa-baslykdan tapawutlylykda bazarlarda adam tas göze ilmeýär. Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynyň bazarlarynda şu günler alyjylaryň göz-görtele azalandygyny habar berýärler. 

Gündogar welaýatynda bazarlarda, söwda nokatlarynda we hususy dükanlarda şu günler söwda ýöremeýär, satyn alýan adam tas ýok diýen ýaly. Bu azyk önümleriniň söwdasyna hem degişli. 

"Telekeçiler söwdä satyk ýatdy, ugry yok diýýärler. Eşik, hojalyk harytlaryny, mebel we beýleki öý goşlaryny we hojalykda ulanyp bolýan enjamlary satýan telekeçiler tomsuň başyndan bäri söwda pes diýýän bolsalar, indi azyk önümlerini satýan söwdagärler hem zeýrenýärler" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar.  

Habarçylarymyz bilen gürleşen telekeçiler söwdanyň haýallamagynyň iki aý bäri dowam edýändigini, emma indi ýagdaýyň hasam gerbetleşýändigini aýdýarlar.  

"Lebabyň bazarlarynda işleýän telekeçileriň munuň ýaly zeýrenişini pandemiýa döwründen bäri eşitmedim. Emma pondemiýa wagtynda bazarlar we dükanlar ýapylýardy, ýollar uzak wagtlap ýapyk durýardy, şonda-da söwdagärler gizlin sowdä edip, telekçiler şeýdip gün görmegi başarýardy" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.  

Lebabyň hususy söwda nokatlarynda alyjylyk aktiwliginiň peselmeginiň sebäpleri barada ýerli resmilerden anyklap bolmady, telekeçiler bolsa munuň sebäbini ilat köpçüliginiň maddy ýagdaýynyň ýazamazlaşmagynda görýärler.

"Munuň ýaly ýagdaý soňky ýylarda bolmandy. Adamlar başga hiç zat satyn almasa-da, azyk önümini almaga synanyşýardy. Indi adamlar azyga-da pul sarp etmekden saklanýar, köpçülik has tygşytly ýaşamaly bolýar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýerli söwdagär aýtdy. 

Bu aralykda söwda dermanhanalarda hem peselipdir. 

Azatlygyň habarçylary Lebapda jaý gurýan, öý goşlaryny satyn alýan hojalyklaryň hem azdygyny aýdýar. Ýerli maşgalalaryň ençemesiniň girdeji çeşmeleri azalypdyr.

Habarçymyz munuň sebäpleriniň biri soňky döwürde ýurduň daşynda zähmet çekýän ýerli ýaşaýjylardan maşgalalaryna ugradylýan pul azaldy diýýär. Türkiýedäki inflýasiýa, ýaşamak we işlemek üçin rugsatnamalary almakdaky kynçylyklar türkmen raýatlarynyň gazanç etmek we Türkmenistandaky maşgalalaryny goldamak mümkinçiliklerini çäklendirdi.          

Bu aralykda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda nobatlaryň yzy üzülmeýär. Aşgabatda ýaşaýjylar gündeki iýjek çöregini satyn almaga synanyşýarlar, welaýatlarda gidijdirilip, satylýan aýlyk un paýyny almaga tagalla edýärler. Bazardaky bahadan biraz arzan staylýan köplenç pes hilli bu harytlar tiz satylyp gutarýar we köpçülige ýetmeýär. Şeýle-de bolsa, maddy ýagdaýy barha ýaramazlaşýan ilat köpçüligi uly nobatlarda durmaga mejbur bolýar. Köp maşgalalar subsidirlenen bahadan una we çörege garaşly bolýar.   

Soňky günlerde käbir dükanlarda unuň we çöregiň gapdalyndan bazar nyrhyndan geçmeýän harytlar hem goşulyp satylýar. Geçen hepde Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda raýatlara ýanwar aýy üçin un paýy satylyp başlanda unuň ýanyndan hatda bazar nyrhyndan hem gymmat günebakar ýagyny almak talap edildi.

14-nji iýulda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan uny almagyň üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy.

Hökümet ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli peselýändigini resmi taýdna boýun almaýar we azyk üpjünçiligindäki problemalary çözmegiň ýerine nobatlary gizlemek we nägilelik bildirýänlere gysyş görkezmek ýaly hereketleri edýär. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Псковские ансамбли выступят на ВДНХ в Москве

В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

Россия и Китай выступили за построение мира без химического оружия

Успенская заявила, что из-за рекламы Киркорова в клинике Хайдарова погиб человек

Музыкальные новости

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Новости России

На российский рынок вышел новый автомобильный бренд VGV с двумя вместительными кроссоверами

В АТОР рассказали подробности о проекте «Большое Золотое кольцо»

Омбудсмен Фаевская встретилась с участниками СВО в Краснознаменске

Спортсменки из Лыткарина победили в международном турнире по ММА

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Страдания юного Аюша Булчун

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Axenix выводит на рынок систему поддержки принятия решений SmartAx

Под зеленым куполом

Игровые клавиатуры Bloody S515R, B825R: механические свитчи и подставка под запястья

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *