Lawrowyň tankydyndan soň, prezident Žaparow gyrgyz dil kanunyny gorady
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gyrgyzystanyň dil hakynda kabul eden kanunyny "demokratik däl" we "kemsidiji" diýip tankytlanyndan soň, gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow resmileriň ählisiniň resmi maksatlar üçin gyrgyzça gürlemegini talap edýän täze kanuny gorap çykyş etdi.
Žaparow 24-nji iýulda telewideniýede berlen beýanatynda täze kanunyň rus diliniň ýurtdaky resmi dil statusyny tassyklaýandygyny we gyrgyz diliniň diňe döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ähli işgäri tarapyndan ulanylmaly edilýändigini aýtdy.
Şeýle-de, bu kanun tele-radio işgärlerini Gyrgyzystanda efire berýän programmalarynyň azyndan 60 göterimini gyrgyz dilinde taýýarlamaga borçly edýär.