Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy

Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy

Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Türk polisiýasynyň soňky bir aýdan gowrak wagt bäri geçirýän giň gerimli reýdlerinde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň azyndan iki raýaty hem bar. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýäniň deportasiýa merkezinde bolan türkmen migranty bu ýerdäki ýaramaz şertler barada habar berýär.

Türk media serişdeleriniň yzygiderli çap edýän habarlaryna görä, polisiýa işgärleri köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda köçelerde, jemgyýetilik transportlarynda, söwda merkezlerinde reýdleri geçirmegi dowam etdirýärler. Reýdler ýurduň edara-kärhanalaryna, zawoddyr fabriklerine hem gurnalýar.

“Kojaeli welaýat häkimligi bikanun migrantlara garşy şu ýylyň dowamynda 79 sany reýdiň geçirilendigini we 419 migrantyň deport edilendigini mälim etdi” diýlip, “Demokrat Kocaeli” neşiriniň 24-nji iýulda çap eden habarynda aýdylýar.

Türk mediasy saklananlaryň we deport edilenleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygyny aýdyňlaşdyrmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky ynamdar çeşmesi täzelikde saklananlaryň arasynda azyndan bir türkmen raýatynyň bardygyny aýdýar.

“Mundan iki hepde gowrak ozal saklanyp, Stambuldaky Tuzla deportasiýa merkezine ýerleşdirilen tanşym öz ýanyna başga-da iki türkmenistanlynyň getirilendigini aýtdy. Olar Türkmenistandan şu ýyl gelipdirler. Wizalary gutaransoň, Türkiýede ýaşamaga ygtyýarnama alyp bilmändirler” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýatlatsak, Azatlyk mundan bir hepde gowrak ozal alty türkmenistanlynyň saklanandygyny habar berdi. Çeşmelerimiz olaryň biriniň boşadylandygyny aýtdy. Ýöne onuň nämäniň esasynda goýberlendigini anyklamak häzirlikçe başartmady.

Azatlyk Stambuldaky deportasiýa merkezi bilen habarlaşyp, türkmen migrantlary barada maglumat almaga synanyşdy. Ýöne telefona jogap beren resmi bu barada maglumat berip bilmeýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Türkiýedäki reýdler bu ýurtda ýaşamaga ygtyýarnamasy bolsa-da, işlemäge rugsatnamasy bolmadyk türkmenistanlylaryň käbiriniň hem alada goýýar.

Stambuldaky süýji-köke öndürýän kärhanalaryň birinde işleýän türkmen raýaty kärhananyň ýolbaşçysynyň özüne reýdleriň gerimi azalýança, öýünde işlemegi maslahat berendigini gürrüň berdi.

“Şu günler polisiýa iş ýerlerine aýlanyp, işlemäge rugsatnamasy bolmadyk daşary ýurtlulara we iş berijilere jerime salýar. Şol sebäpli ýolbaşçym birnäçe gün ýa-da hepde öýden işlemegi tabşyrdy. Meniň esasy işim halkara müşderiler bilen habarlaşmakdan, hat alyşmakdan ybarat bolany üçin öýden hem işläp bilýärin” diýip, türkmenistanly migrant aýtdy.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” özüniň Türkiýedäki habarçylaryna salgylanyp, polisiýa işgärleriniň saklananlara ýowuz çemeleşýändigini habar berdi.

“[Polisiýa işgärleri saklanan adamlary] itýärler, ýere goýýarlar, aýaklary bilen ýençýärler. Soňra migrantlary deportasiýa merkezlerine ýerleşdirýärler” diýip, neşiriň 22-nji iýulda çap eden habarynda bellenilýär.

Bu aralykda, “Türkmen Helsinki fondy” geçen hepde Şanlyurfa deportasiýa merkezinden boşadylan türkmen migrantyna salgylanyp, bu ýerdäki ýaramaz şertler barada habar berýär.

“Bu merkezdäki iýmit erbet, arassaçylyk şertleri ýaramaz, ýatýan ýerimizde dürli mör-möjekler bardy. Öýlerimize jaň etmek üçin 5 minut berýärler, ýöne nobat hemişe ýetmeýär. Mundan başga-da, tussag edilenler ýenjilýär” diýip, THF 24-nji iýulda çap eden habarynda türkmen migrantynyň sözlerini sitirleýär.

Onuň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda 200-e golaý türkmenistanly Şanlyurfadaky deportasiýa merkezinden boşadylmagyna garaşýar. Olaryň köpüsi deportasiýa edilmek barada çykarylan kakary kazyýete şikaýat etdi.

“Olar dürli sebäplere görä Türkmenistana dolanmak islemeýärler” diýip, neşir türkmen migrantynyň sözlerini sitirleýär.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.

Bellesek, türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy göreşiniň güýçlenmeginiň fonunda, kanuny esasda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany hem ep-esli azaldy.

Türk Migrasiýa gullugynyň 15-nji iýunda çap eden sanlaryna görä, 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Gullugyň 20-nji iýulda çap eden täze sanlaryna görä, 208 müň 943 türkmen raýaty kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Bu sanlar, bir aý çemesi wagtyň dowamynda Türkiýede kanuny esasda ýaşamaga ygtyýarnama alan türkmenistanlylaryň sanynyň 4 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Правда об аварии на Мойке: Странный вираж водителя-таджика объяснил Крохмаль

Собянин рассказал о благоустройстве у станции метро «Университет Дружбы Народов»

В Ступине проведут капитальный ремонт котельной до июля 2024 года

Трусова заявила, что с Самоделкиной они сблизились после тяжёлых ситуаций в жизни

Музыкальные новости

Россия, Культура и Дети: детский конкурс эмблемы обьявил Театр кукол в Улан-Удэ

Россия, Бурятия, Культура и Дети: Байкальская театральная школа прошла в Иволгинском районе Бурятии

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Запреты и ограничения на посещение лесов введены почти по всей Беларуси

Новости России

Полиция начала проверку рекламы наркошопов у памятника Кобзону в Москве

Чеченская семья окружила отдел полиции в Москве из-за сбежавшей родственницы

В Ступине проведут капитальный ремонт котельной до июля 2024 года

Трусова заявила, что с Самоделкиной они сблизились после тяжёлых ситуаций в жизни

Экология в России и мире

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Спорт в России и мире

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Axenix выводит на рынок систему поддержки принятия решений SmartAx

Краски севера V

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *