Özbegistanyň ilaty her günde iki müň adama golaý köpelýär
Şu ýyl Özbegistanda hemişelik ýaşaýanlaryň sany ortaça günde 1900 adam möçberinde köpelýär diýip, statistika gullugy 26-njy iýulda habar berdi.
Resmi maglumatlara görä, Özbegistanyň ilaty her aýda ortaça 57,9 müň adam köpelýär. Soňky alty aýyň dowamynda özbegistanlylaryň umumy sany 347,3 müň adam artdy.
Statistika gullugy golaýda, 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky görkezijilere görä, respublikanyň ilatynyň 36 million 372 müň 276 adam bolandygyny habar berdi.
Agentligiň habaryna görä, respublikanyň ilaty 18 million 66 müň aýal we 18 million 306 müň 300 erkek adamdan ybarat. 18 million 557 müň 500 adam şäherlerde, 17 million 815 müň 800 adam oba ýerlerinde ýaşaýar.
Özbegistan Merkezi Aziýa sebitinde iň köp ilatly ýurt bolup, häzir dünýä ýurtlarynyň arasynda ilat sany boýunça 41-nji ýerde durýar.